ŞADYÝAN GYZJAGAZLAR BÄSLEŞDILER

Ýaňy-ýakynda Görogly etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz-2025» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryna bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda mekdep tapgyrynda ýeňiji bolan eýjejik gyzjagazlaryň 20-ä golaýy gatnaşdy.

Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar şertlere görä, öz ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Emin agzalaryň gelen netijelerine görä etrapdaky 23-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Araztäç Öwezowa 1-nji, etrapdaky 17-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Leýla Orunowa 2-nji, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Zyýada Täçmuhammedowa 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan hem-de işjeň gatnaşan gyzjagazlara TMÝG-niň etrap geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

 Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN