Ýaňy-ýakynda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda, Daşoguz şäheriniň Bagtyýar zaman medeniýet öýünde talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Hünärime hormatym bar” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşikde mekdebiň 1-nji ýyl talyp ýaşlary özleriniň saýlap alan hünärlerini wasp edip goşgularyny, ýürek buýsançlaryny we oňa degişli işlerini ýerine ýetirip görkezdiler. Bäsleşik talyp ýaşlar we oňa gatnaşyp tomaşa edýänler üçin örän gyzykly we çekeleşikli boldy. Emin agzalaryň gelen netijelerine görä, 1-nji orna sanly ykdysadyýet, 2-nji orna ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy, 3-nji orna bolsa, ykdysadyýet we önümçiligi guramak hünärleri mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyp ýaşlara Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Mekan ANNAÝEW,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy,
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.