Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýatyň häkimligi hem-de iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Daşoguz şäheriniň sport toplumynda welaýatyň köp çagaly maşgalalarynyň arasynda “Sagdyn maşgala – bagtyýar geljek” ady bilen, maşgala sport bäsleşigini geçirdi. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, raýatlaryň sporta bolan höwesini ýokarlandyrmak hem-de olary köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksadynda geçirilen bäsleşige ýaş aýratynlyklaryna seretmezden, Daşoguz şäherinden, welaýatyň ähli etraplaryndan köp çagaly maşgalalar öz maşgala agzalary bilen, toparlaýyn gatnaşdylar. Bir tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň emin agzalary oňa gatnaşýan maşgala sport toparlarynyň talabalaýyk egin-eşiklerine, at ýazgylaryna hem-de bäsleşigiň şertleri boýunça ýokary ussatlygyna baha berdiler. Şeýlelik-de, ýokary görkezijileri gazanan maşgala sport toparlary bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler. Ýeňijilere we işjeň gatnaşan maşgala sport toparlaryna Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi hem-de beýleki guramaçy guramalar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşanlar halkymyzy eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan, ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Wepa ESENOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň hünärmeni.