GEZELENÇ ÇÄRESI GURALDY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna “Geçmişden geljege ýaň salýan mirasym” atly gezelenç çäresi guraldy. Şanly taryhymyzy, baý geçmişimizi ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen guralan çärä etrabyň 52-nji orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdy.

Ýaşlarymyzy milli ruhda terbiýelemekde, olaryň gadymy taryhy ýadygärliklerimize bolan dünýägaraýyşlaryny ösdürmekde bu gezelenç çäresiniň ähmiýeti uludyr. Gezelenjiň dowamynda sergi hem guraldy. Okuwçylara gadymy Köneürgenç topragymyzda ýerleşýän gadymy ýadygärliklerimiz dogrusynda şeýle hem sergide ýerleşdirilen gadymy arhitektura ýadygärlikleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Olar geçmişde ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini öwrenip, olaryň soňky nesiller üçin görelde alarlyk beýik işler bilen geçmiş taryhymyzda uly yz galdyrandyklaryna ýene bir gezek göz ýetirdiler. Gezelenç çäresine gatnaşyjylar taryhy gymmatlyklarymyza we milli mirasymyza belent sarpa goýup, geljekki nesillerimize wagyz etmäge hem-de dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize gezelenje gatnaşanlar çäksiz alkyş aýtdylar.

Şamyrat PIRMÄDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN