Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň etrabyň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda, medeniýet merkezinde “Parahatçylyk – baky bagtyň binýady” atly şygar bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdy.
Çärede çykyş edenler ilki bilen döwrümize şan berjek 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň belentdiginiň alamatydygyny belläp geçdiler. Şeýle-de şowlulyklara beslenýän üstümizdäki ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramynyň uludan tutuljakdygy barada uly buýsanç bilen bellediler.
Soňra bolsa etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan çykyşlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Aýdym-sazly çäresine gatnaşanlar eşretli zamanada ýaşamaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Serwi AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.