NOWRUZ GELDI BU PARAHAT DIÝARA

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde, Daşoguz şäherindäki “Maral” toý mekanynda milli bahar baýramy mynasybetli, “Nowruz geldi bu parahat Diýara” şygary bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi.

Oňa guramanyň welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary, welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda dürli kärlerde zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar hem-de talyplar gatnaşdylar. Bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň, täzelenişiň nyşany hökmünde gadymy döwürlerden bäri bellenip gelinýän Nowruz baýramynyň dabarasynda ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren şirinden-şirin aýdym-sazlary çärä aýratyn öwüşgin çaýyp, oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar halkymyza eşretli zamanany bagyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Şemşat SÄHETGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

hasapçy-buhgalteri.

Meňzeş habarlar

30 Sentýabr 2025 | 82 okalan

SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 86 okalan

MASLAHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 66 okalan

AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI