NOWRUZ BAÝRAMY JOŞGUNA BESLENDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň, etrabymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabymyzyň çäginde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli birnäçe baýramçylyk dabaralary geçirildi. Hywaabat ýaýlasynda köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagynda “Nowruz geldi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurduna” ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara has-da täsirli boldy.

Dabarada saz-söhbede giň orun berildi. Toý gutlaglary bilen çykyş edenler Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň ähmiýeti, onda berjaý edilýän däp-dessurlar dogrusynda söhbet açyp, milli toýlarymyzy uludan toýlanýandygyny belläp geçdiler.

Şeýle hem ajaýyp mümkinçilikleri döredýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Toý saçagynyň giňden ýazylmagynda bolan dabarada aýdym-sazlar uly joşgun bilen ýaňlandy. Etrabyň medeniýet işgärleriniň hoş owazly aýdym-sazlary, milli öwüşginli tanslary hemmeleriň toý şatlygyny goşalandyrdy.

Begenç ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar