RUHUBELENTLIGE BESLENEN DABARA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrabyň häkimligi hem-de iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, milli bahar baýramy mynasybetli, Şabat şäheriniň “Dostluk” seýilgähinde “Bagtyýar ýurdumyza Nowruz geldi, ýaz geldi” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi.

Dabara etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdy. Onuň dowamynda etrabyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlaryna, şeýle-de, etrabyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna, joşgunly tanslaryna giň orun berildi.

Bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň, täzelenişiň nyşany hökmünde gadymy döwürlerden bäri bellenip gelinýän Halkara Nowruz baýramynyň dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýatda galyjy pursatlara beslendi.

Rahatoý HAÝTMETOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

30 Sentýabr 2025 | 82 okalan

SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 86 okalan

MASLAHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 66 okalan

AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI