SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň Gubadag şäher çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde, Halkara Nowruz güni mynasybetli, Gubadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Nowruz geldi ýazlar bile” atly şygar astynda surat çekmek bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige okuwçylaryň 27-si gatnaşyp, olar onuň şertine görä öz işlerinde milli bahar baýramyny, keramatly türkmen topragynyň rysgal-berekedini, sahawatyny, türkmen tebigatyny wasp etmek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň eminler topary okuwçylaryň çeken suratlaryna seljerme berip, ýeňijileri yglan etdiler. Netije-de, Agajan Mättaganowyň, Aýmyrat Nurgeldiýewiň, Sähra Annageldiýewanyň çeken suratlary 1-nji orna, Aknur Ataýewanyň, Suraý Annageldiýewanyň, Jeren Bekdurdyýewanyň çeken suratlary 2-nji orna, Emir Meredowyň, Aýdursun Baýaýewanyň, Arazdurdy Altyýewiň çeken suratlary 3-nji orunlara mynasyp boldylar.

“Nowruz geldi ýazlar bile” atly surat bäsleşiginiň ýeňijilerine, şeýle hem, işjeň  gatnaşan okuwçy ýaşlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi bilen etrabyň Gubadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bilelikdäki Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Laçyn AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN