MILLI MIRAS – NESILLERE GÖRELDE

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebi hem-de Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Milli miras – nesillere görelde atly şygar astynda gezelenç çäresini gurady. Oňa gatnaşanlar geçmiş taryhymyza degişli bolan dürli eksponatlar, maglumatlar, ýazgylar, taryhy çeşmeler hakdan söz açýan arheologik tapyndylar, fotosuratlar bilen tanyşdylar. Talyplar türkmen halkynyň şöhratly geçmişi we häzirki şanly günleri barada özlerine gerekli maglumatlary aldylar.

Gezelenç çäresinde ýaşlarymyz üçin baý medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyş bolmaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdylyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlanmagy arzuw edildi.

Sabyrgeldi BEGOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN