BIR BELENT YKBAL SEN ILLERE, BEDEW!

Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan bedewlerimize goýýan çuňňur sarpasy göwünlerimize çäksiz şatlyk paýlady. Golaýda hormatly Prezidentimiziň «Bedew» atly goşgusynyň metbugatsahypalarynda çap edilmegi, kalbymyzda tükeniksiz şatlyk hem-de buýsanç duýgularyny döretdi.

Pasly-bahar güle çümen çaglary,

Joş uranda sähra-düzi, daglary,

Göwün at üstünde ganat baglady,

Seýle çykyp alys ýollara, bedew! —

diýen setirleri köňül dünýämize iňňän ýakymly täsir etdi. Türkmeniň seleň sährasyna ýaraşyk beren ýazyň häzirki günlerinde at üstünde gezim eden Gahryman Arkadagymyzyň tebigy gözellikleriň täsiri bilen döreden bu şygrynda türkmeniň göwnüne ýakyn sähraýylyk hem sadalyk öz beýanyny tapýar. Bu şygry okaýarkaň, şeýle derejeli döwletiň, milletiň wekilidigiňe ýürekden buýsanýarsyň. 2018-nji ýyl milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly» diýlip atlandyryldy. Milli mirasymyzyň gazananlaryna we milli senetçiligimize aýratyn hormat goýulýan bu ýylyň dowamynda türkmeniň şöhratly geçmişiniň ähmiýetini açyp görkezýän çärelerdir dabaralar yzygiderli geçirilip, türkmeniň owazasy jahana dolýar. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň täze «Bedew» atly şygryny ýazmagy özboluşly baý many-mazmuna eýe boldy. Milli miras we medeni gymmatlyklar agzalanda, türkmeniň buýsanjy bolan gamyşgulak bedewlerimiz barada söz açmak has-da ýakymlydyr. Çünki ahalteke atlary gadymy Oguz nesliniň köňül dosty we syrdaşydyr. Ýerdäki bagta, Arşdaky tagta deňelen bedewlerimiz hakykatdanam, türkmeniň köňül söýen ynsanpisint ýoldaşydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaby hem türkmen atşynaslary üçin gymmatly ruhy serpaý boldy. Kitapda ahalteke atlarynyň genofonduny arassa saklamak bilen bagly amala aşyrylan we göz öňünde tutulýan asylly işlere birme-bir seljerme berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň bedew atlaryň asly batyr türkmen ýigitleriniň ýürekdeşidigi hem-de ykbal syrdaşydygy baradaky durmuş hakykatyny ykrar edýändigini görkezýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Bedew» atly şygrynyň döremegi uz ýörişli ahalteke bedewiniň toýuna özboluşly sowgat boldy. Kişňeýşi kalba teselli, gursagy heserli bedewlerimiziň owadanlygy nurana durmuşymyzyň ýaraşygydyr. Gahryman Arkadagymyz Ýer ýüzüniň ajaýyp gözelligini özünde jemleýän bedewlerimize diýseň ýokary baha berýär.

Goý, kuwwatly döwletimizde bedew atlaryň kişňemesi baky bagtyýarlygymyzyň alamaty bolup, ömrümize nur çaýsyn!

Arslangeldi GYŞYKOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

29.04.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI