Türkmen talyplarynyň Belarus Respublikasynda geçen halkara bilim bäsleşiginden
ata Watanymyza hoş habar bilen dolanyp gelenine entek köp wagt geçenok. Ynha, indi bolsa bilime höwesek ýaşlarymyz ýene bir halkara bäsleşiginiň ýeňijileri bolup, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyna öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Has takygy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2018-nji ýylyň 21-24-nji apreli aralygynda Sankt-Peterburgyň Informasion tehnologiýalar, mehanika we optika Milli barlag uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň 5-nji matematika bäsleşiginde baýrakly orunlaryň 12-sine mynasyp boldular.
Türkmenistan, Russiýa Federasiýasy, Çehiýa, Argentina, Rumyniýa, Polşa, Awstriýa, Estoniýa, Özbegistan, Gazagystan ýaly döwletlerden 26 sany ýokary okuw mekdepleriniň toparlaryna wekilçilik eden 250 talybyň gatnaşmagynda geçen bu halkara ders bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Ilşat Waliýew, şol fakultetiň 2-nji ýyl talyby Ramazan Bahtiýarow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Perman Iljanow, Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Nury Atajanow I orna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Agaserdar Ýollyýew, şol fakultetiň 3-nji ýyl talyplary Murat Çaşemow, Döwran Nurgeldiýew, Hamidbek Hajiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ýulduz Jumaýewa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Pälwan Penaýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň senagat-tehnologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Töremurad Gurbanow II orna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gülli Gullyýewa III orna mynasyp boldular.
Ýokary derejede geçen bu halkara bilim bäsleşiginde talyplarymyzyň gazanan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde günsaýyn gülleýän milli bilim ulgamynyň dünýä derejesinde dabaralanýandygyny, halkara bilim jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini görkezdi. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyp ýaşlarymyzyň täze üstünligi mynasybetli dabara geçirildi. Onda ýeňiji talyplara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINE SÖZ BERÝÄRIS:
Perman ILJANOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby:
— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamymyz güýçli depginler bilen ösdürilýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde ylym-bilim almaklary, halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Golaýda şeýle bäsleşikleriň birine gatnaşmak bagty maňa-da miýesser etdi. Onda 1-nji orny eýeläp, bäsleşigiň diplomyna mynasyp bolmagym meni örän buýsandyrýar we mundan beýläk hem gowy okap, Watanymyzyň ösüşlerine, onuň halkara abraýyna öz şahsy goşandymy goşmaga ruhlandyrýar. Biz — ýaşlara şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize elmydama alkyş aýdýarys!
Nury ATAJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby:
— Halkara bilim jemgyýetçiligi Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň ösüşlerine ýokary baha berýär. Biz muňa Sankt-Peterburgda geçen bäsleşige gatnaşanymyzda ýene bir ýola göz ýetirdik. Ol ýerde talyplarymyzyň ýokary netijeleri görkezip, baýrakly orunlary eýelemegi türkmen ylmynyň röwşen geljegine bolan ynamy has-da berkitdi. Bäsleşikde baýrakly 1-nji orny eýelemek maňa-da nesip etdi. Nesip bolsa, geljekde hem öz saýlap alan hünärlerimiziň hakyky eýeleri bolup, hormatly Prezidentimiziň, halkymyzyň uly ynamyny ödäris! Watanymyza gerekli ýaşlar bolarys! Türkmen talyplaryna okamaga, öwrenmäge hem döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Şasenem KENERMÄMMEDOWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
Surata düşüren Gara ŞYHLYÝEW.
“Nesil” gazeti,
01.05.2018ý.