Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim we medeniýet bölümleri bilen bilelikde, etrap medeniýet merkezinde “Bahar meýlisinde çyksaň seýrana” atly şygar astynda döredijilik bäsleşigini geçirdi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny dabaralandyrmak, şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli dabara guramak, okuwçy ýaşlaryň döredijilige bolan höweslerini artdyrmak, ýaşlaryň arasyndan täze zehinleri ýüze çykarmak maksadynda guralan döredijilik bäsleşiginde okuwçy ýaşlar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijiligine degişli goşgyny ýatdan okamak, öz ýazan watançylyk we erkin temalardaky goşgularyny okamak ýaly şertler boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şonuň ýaly-da, bäsleşigiň dowamynda eminler toparynyň agzalary Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň esasy hünärmeni Kemal Sabyrow, 19-njy orta mekdebiň müdiri şahyr Gurbanýaz Gurdow, 28-nji orta mekdebiň mugallymy, ýaş şahyr Nazar Hanmedow, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Selbi Baýryýewa dagylar şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Şeýle hem, dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar şahyr Gurbannazar Ezizowyň ömür ýoluna bagyşlanyp döredilen dokumental filme tomaşa etdiler. Bäsleşigiň jemlerine laýyklykda, 18-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Arazgül Jemşidowa 1-nji orna, 45-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mahymjan Ýakupbaýewa 2-nji orna, 29-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýşat Narakowa 3-nji orna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Täjigül GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.