MENIŇ DILIM SENIŇ ELIŇ HÜNÄRI

Türkmenleriň milli geýimleri halkymyzyň däp-dessurlaryny, adatyny, ýaşaýyş, durmuş aýratynlygyny häsiýetlendirýär, halkyň maddy we ruhy medeniýetini şöhlelendirýär. Halkyň etniki dünýägaraýşynyň, özboluşly maddy medeniýetiniň iň bir tapawutlandyryjy alamatlarynyň biri bolan milli lybaslary esasy görnüşleri müňýyllyklaryň dowamynda üýtgewsiz saklanyp galypdyr.

Halkymyzyň milli lybaslary örän çylşyrymly, köp görnüşli toplumy emele getirýär. Ol topluma özüniň niýetlenişi boýunça dürli görnüşli: ýazylýan, bile guşanylýan, üstki, şeýle hem gündelik, baýramçylyk, däp-dessurlar bilen baglanşykly lybaslar girýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň gündelik lybaslary ýönekeý, sada nagyşlar bilen bezelen, gymmat bolmadyk, esasan, nah matadan tikilen köýneklerden, ýektaýlardan, ýaglyklardan ybaratdyr. Baýramçylyk lybaslary açyk reňkli ýüpek matalardan nagyşly edip tikilipdir. Toý geýimi hökmünde geýilýän köýneklerde, ýektaýlarda we başgaplarda owadan  keşdeler kümüş bezegler, ýüpek matalar bilen utgaşypdyr.

XIX asyryň ahyrynda türkmen gelin-gyzlarynyň lybaslary ýektaýlardan, başatgyçlar, başgaplar, dürli görnüşdäki ýaglyklardan, aýakgaplardan ybarat bolupdyr. Ylmy çeşmelerde berilýän maglumatlara, şeýle hem muzeý nusgalaryna ser salanyňda Türkmenistanyň çäginde ýaýran zenan lybaslarynyň, esasan, birmeňzeşdigine, ýöne ýaşaýyş-durmuş hem-de tebigy-geografik şertlere, şeýle hem etniki aýratynlyklara laýyklykda käbir egin-eşigiň özboluşly görnüşiniň bolandygyna göz ýetirmek bolýar.

XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlaryna çenli türkmenler aglaba nah, ýüň, ýüpek we ýarym ýüpek ýaly öýde taýýarlanylan matalardan tikilen geýimleri  geýipdirler. Matalary taýýarlamagyň tehnologiýalary hem-de bu işde ulanylýan zähmet gurallary türkmenleriň ähli tehniki gurallarynda, esasan, birmeňzeş bolupdyr.

Türkmen milli zenan lybaslarynyň adamyň ýaşyna we durmuşyna laýyklykdaky aýratynlyklary erkekleriňkä garanyňda has aýdyň göze ilýär. Zenan lybaslaryndaky aýratynlyklar üstki eşiklerde, başgaplarda, bezeglerde we nagyşlarda has aýdyň görünýär. Mundan başga-da zenan lybaslary matalarynyň reňki, eşiklerdäki nagyşlary boýunça hem tapawutlanýar.

 

Maýagül GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar