GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDA “JASTAR WAVE-2025” ATLY ÝAŞLAR FORUMY GEÇIRILDI

Mälim bolşy ýaly, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dürli görnüşlerde netijeli sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň goňşy döwlet Gazagystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykýar. Gadymyýetden gözbaş alýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege goldaw bermek däplerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekiliýeti Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşmak maksady bilen iş saparynda boldy.

Forumyň 1-nji gününde Jastar Assambleýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Günüň ahyrynda Hazar deňziniň gazak kenarynda ýörite öýler dikilip, milli naharlardan ybarat bolan dabaraly agşamlyk guraldy. Türki döwletleriň wekilleri bu çäräniň arzyly myhmanlary boldular.

Forumyň ahyrky gününde myhmanlar üçin Mangystaw oblastynyň täsin tebigatyna ýörite gezelenç guraldy. Nowruz günlerinde ýaz ýagyşynyň astynda Mangystawyň Bozjyra daglaryna syn etmek myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Umuman, ýaşlardan düzülen wekiliýetiň Gazagystan Respublikasynyň Mangystaw oblastynyň Aktau şäherinde geçirilen halkara foruma gatnaşmaklary ýaşlara tejribe alyşmakda, döwletleriň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklaryna has çuň düşünmekde örän ähmiýetli boldy diýip ynamly aýtmak bolar.

Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys, Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Osman AŞYROW,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar