Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip, ýaş suratkeşler milli sungatymyzy ösdürmäge giň şertler döredilýär. Eziz Watanymyzda ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmeginde, ökde hünärmenler bolup ýetişmeginde ussat halypalaryň ähmiýeti uludyr.
2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Bir halypanyň iki şägirdi” atly sergisi açyldy. Sergide halypa mugallym Annageldi Jumaniýazowyň we onuň şägirtleri Merdan Babajanowyň we Merdan Kakabaýewiň nakgaş eserleri görkezildi.
Annageldi Jumaniýazowyň döredijilik aýratynlyklary onuň şägirtlerine nusga bolup durýar. Onuň “Taryh I”, “Taryh IV”, “Kädili natýurmort”, “Aýnaly natýurmort”, “Gülli natýurmort” atly natýurmortlarynda dünýä nakgaşlygynyň çeperçilik akymlary we milli sungatymyzyň reňk çözgütleri utgaşýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Merdan Kakabaýew özüniň eserlerini milli äheňde ýerine ýetirip, “Tüňçe we üzümler”, “Ýüpek ýoly”, “Paryzdepe”, “Abiwerd”, “Milli miras”, “Ilkinji şekiller”, “Kejebe”, “Ak bugdaý” atly suratlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny, medeni mirasymyzy, binagärlik ýadygärliklerini, milliligi, bereketliligi şekillendirilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 90-njy orta mekdebiniň mugallymy Merdan Babajanowyň döredijiliginde zenanlaryň keşbine bagyşlanan eserleri has köp duş gelýär. Nakgaşyň eserlerinde türkmen gelin-gyzlaryň ellerinde owadan gülleri şekillendirip, olaryň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşaýandygyny şöhlelendirýär. Ol “Zenan duýgusy” atly eserinde elinde gülleri bilen arkaýyn duran ýaş gyzyň rahat duýgularyny güller bilen görkezipdir. M. Babajanow eserlerini, esasan, durmuşy žanrynda ýerine ýetirip, gündeki wakalary görkezmegi başarypdyr. Onuň “Goňşym we men” atly eseri ýaş oglanyň ýaşuly goňşusyna alma berip, nar alyp durşy, her bir ýaşlar ýaşulylardan maslahat almalydygyny alamatlandyrýar. Merdan Babajanowyň eserlerinde ýagtylyk, asudalyk, parahatçylyk duýulýar. Şägirtler öz halypasyndan öwrenen tilsimlerini özleriniň döredijiliginde özleşdirip, ajaýyp sungat eserlerini döretmegini başarypdyrlar.
Ogulgerek ÇOLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
amaly-haşam sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.