Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň 14-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi.
Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň ýaşlarynyň işjeňligini artdyrmak, ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen ýygnaga mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdy.
Ýygnagyň dowamynda çykyş edenler ýaşlara hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwes döretmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.