TARYHYŇ SAHYPALARY MIRASYŇ GYMMATLYKLARYNDA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, etrabyň bilim hem-de medeniýet bölümleri bilen bilelikde Görogly etrabynyň taryhy muzeýinde «Taryhyň sahypalary-mirasyň gymmatlyklarynda» atly gezelenç çäresi guraldy.

Gyzykly geçen sergide ýaş nesillere geçmişimiziň taryhymyz bilen baglanşykly maglumatlary ýakyndan tanyşmaklaryny gazanmak, taryhy ýerlerde ýaşap geçen ata-babalarymyzyň, ýaşaýyş-durmuşy, meşgullanan kärleri dogrusyndaky maglumatlary giňişleýin gürrüň berildi.

Gezelenç çäresine gatnaşyjylar türkmen ýaşlarynyň milli mirasymyz, gymmatlyklarymyz, geçmiş taryhymyz bilen bagly maglumatlary ýakyndan öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we  Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

Nazar HANMEDOW,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky

28-nji orta mekdebiň mugallymy,

IÝG-niň başlygy.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 665 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 974 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 294 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN