EZBERLER ÖŇE SAÝLANDYLAR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda «Başa-baş söweşiň ezberleri» atly şygar astynda geçirilen sport ýaryşynda etrabyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jeren Jümmiýewanyň tälim berýän ýaş türgenleri sportyň kýokuşinkaý-karate görnüşi boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

Ýaş aýratynlyklaryna, agram derejelerine laýyklykda iki görnüşde kata, görnüşindäki görkezme çykyşlary ýerine ýetirmek hem-de başa baş söweşde garşydaşyndan üstün çykmak görnüşlerinde çykyş eden ýaş türgenleriň arasyndaky çekeleşikli geçen sport ýaryşynda ezberler öňe saýlandylar.

Ýaryşyň jemi jemlenende Ruhubelent etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň ýaş türgenler birinji orna Rasim Durdyýew, Meýlis Altybaýew ikinji orna, Hajymyrat Nurmyradow üçünji orna bolsa degişlilikde orunlary eýeläp, bäsleşigiň ýeňijileri emin agzalary tarapyndan bellenildi. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere we üstünlikli çykyş eden ýaş türgenlere gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Gylyç GYLYJOW

Ruhubelent etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ruhubelent etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 665 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 974 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 294 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN