Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller-ata Watanymyzyň aýdyň gelejegidir» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebinde geçirilen duşuşygyň maksady ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmakdan, olarda ata-babalarymyzdan miras galan mertlik, edermenlik, halallyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemekden ybarat boldy.
Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy barada durlup geçildi. Onuň barşynda ýokary ahlak sypatly, watansöýüji ýaşlaryň Watanymyzyň guwanjydygy, il-günümiziň buýsanjydygy dogrusyndaky aýdylanlar hem-de ýaşlara edilen gymmatly öwüt-ündewler uly täsirleri döretdi.
Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlaryň ähli taraplaýyn üns-alada bilen gurşalyp alynmagy, il-halar nesiller bolup ýetişmegi ugrundaky bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Kemal SABYROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.