«TALYP JOŞGUNY — 2018»

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurnamagynda 7-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda «Talyp joşguny — 2018» atly döredijilik bäsleşik-festiwalynyň jemleýji dabarasy geçirildi.

Birnäçe ýyl bäri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän döredijilik festiwaly talyplaryň hersi üçin özboluşly bagtyýarlyk toýuna öwrüldi. Ýerine ýetirilen aýdymlarda ýaşlaryň watansöýüjiligi örän güýçli duýulýar. Tanslardyr halk aýdymlary, döwürdeş şahyrlaryň şygyrlaryndan taýýarlanan çeper okaýyşlar, edebi-sazly kompozisiýalar, degişmeler biri-biri bilen utgaşyp, tomaşaçylaryň göwnüni göterdi. «Arkadaga alkyş!» atly jemleýji aýdym has-da tolgundyryjy boldy.

Bäsleşik-festiwala işjeň gatnaşanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda «Talyp joşguny — 2018» atly döredijilik bäsleşik-festiwalyna gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.

Ýurtaman AMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

09.06.2018ý.

Meňzeş habarlar