MUKADDESLIGIŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy we baş wezipeleriniň biri ösüp gelýän ýaş nesilleri çuňňur watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdir. Çünki Watana, enä, beren sözüne, iýen duzuna ygrarly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmeklik şu günüň baş wezipesidir. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri bolsa, bu ugurda ýaşlaryň ýankitabyna, ýolgörkeziji şamçyragyna öwrülýär.

Her günümizi taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazýan Gahryman Arkadagymyz 7-nji iýuny hem türkmen taryhynyň altyn sahypalaryna öwürdi. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly täze eserini öz halkyna sowgat eden milli Liderimiz «Mertler Watany beýgeldýär» diýen ganatly sözlerini ýene-de bir gezek öz mysalynda aýdyň subut etdi.

9-njy iýunda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Milli Liderimiz kitabynda mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gürrüň berýär. Ogulabat ejäniň durmuş ýoly halkymyzyň ruhy, ahlak gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň ajaýyp mysalydyr. Biz — ýaşlara görelde hem ýörelge mekdebi bolan Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini durmuş mekdebimize öwürýäris.

Nesil terbiýesinde göreldä wajyp orny degişli edýän halkymyz söze, saza uly hormat hökmünde garaýarlar. Söz güýjüniň gudratyny göre-göre gelýän adamzat jemgyýetine häli-häzirlere çenli hem iň uly sowgat, ajaýyp eser bolmagynda galýar. Oguz han atamyzyň «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam, üç dil bilen üç adam» diýen sözlerini durmuşymyza ornaşdyran Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň birbada üç dilde beýan edilýänligi hem aýratyn bellärlikli ýagdaýdyr. Şeýdibem halkymyzyň milliligi, beýik taryhy, duýgulary älem jahana dolýar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, onda “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabyň ýaş nesli watançylyk ruhunda we belent ruhy-ahlak gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde möhüm ähmiýetini bellediler hem-de mähriban halkymyzyň iň gowy köpasyrlyk däplerini aýawly saklamaga we baýlaşdyrmaga goşýan ägirt uly goşandy üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

12.06.2018ý.

Meňzeş habarlar