WATANYMYZYŇ DAÝANJY — YLYMLY ÝAŞLAR

Ylymlar güni mynasybetli 12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti toý-dabaralara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda ýeňiji diýlip yglan edilen ýaşlary sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýylda geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi milli ylym ulgamyny ösdürmäge, alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga, olary ylmy-synag işlerine höweslendirmäge ýardam berýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ylmy mümkinçilikleri giňden ösdürilýär. Ýaşlar 8 ugur boýunça — agrosenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar; ekologiýa we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak; energetika, ýangyç we olary tygşytlamak; himiki tehnologiýa we bäsleşige ukyply täze önümleri döretmek; gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa; lukmançylyk we derman öndürmek; maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary; ykdysady we gumanitar ylymlar ugurlarynda bäsleşdiler. Bäsleşikde ýaşlaryň jemi 40-sy ýeňiji boldy.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine söz berýäris:

Babajan BEKMURZAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň fizika kafedrasynyň öwreniji mugallymy:

— Batly gadamlar bilen ösýän döwletimiziň gazanýan oňyn netijeleri Diýarymyzyň ylym-bilim binýadynyň berkden tutulandygynyň netijesidir. Ýurdumyzyň ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi, elbetde Watanymyzyň ylmy rowaçlyklaryny görkezip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna ýardam berýär.

Häzirki wagtda biz — ýaşlara öz başarnyklarymyzy doly açyp görkezmäge, dürli ugurlar boýunça ylmy işler bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilen. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyhem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Merkezi Geňeşiher ýyl ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edýär. Ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşige men «Zeýakaba suwlaryny duzsuzlandyrmakda alternatiw tok çeşmelerini ulanmaklygyň ähmiýeti» atly ylmy işim bilen gatnaşyp 2-nji orna mynasyp boldum. Şu pursatdan peýdalanyp, biz — ýaş mugallymlaryň ylmy işler bilen meşgullanmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin milli Liderimize sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Oguljahan DURDYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:

— Meniň begenjimiň çägi ýok. Çünki Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji boldum. «Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramakda kepillendiriş edaralarynyň ähmiýeti» atly ylmy işim bilen hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyny almak bagty miýesser etdi.

Talyplaryň täzeçe pikirlenmegi, daşary ýurt dillerini özleşdirmegi, ýurduň hukuk binýadynyň kämilleşmegidöwletiň ylym boýunça gazanýan üstünliklerine bagly. Ylmyň ösüş ugurlary geljegimiziň täze giňişliklerine aralaşmaga giň mümkinçilik açýar. Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatynyň baş maksady bolan milli bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleri üstünliklere beslensin!

Kerim MYRADOW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen aragatnaşygy guramak boýunça ofiseri:

— Merdana türkmen halkymyzyň geçmişde guran ähli beýik döwletlerinde ylym esasy orny eýeläpdir. Olar ylma egsilmez hazyna hökmünde garapdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan türkmen topragy ylym ojaklarynyň mesgenidir.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji bolan ýaş alymlaryň arasynda meniň hem bolmagym diýseň begendirdi. Watan goragçysy hökmünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan beýik maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyma ynandyrýaryn. Goý, döwlet Baştutanymyzyň belent başy aman, döwletli işleri dowamat-dowam bolsun!

Mekan TOZANLYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:

— Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça döredilen Ýaş alymlar merkezi ýaşlaryň ylmy gözleg işlerini höweslendirmäge gönükdirilendir. Jemgyýetçilik esaslarynda işleýän Merkez ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmäge, ylmy işlere çekmäge ýardam edýär.

Ýylyň-ýylyna ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda bolmagym meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ajaýyp wakalaryň üstüni ýetirdi. Alym Arkadagymyzyň: «Ylym-bilim Garaşsyz döwletimiziň okgunly ösüşini üpjün edýän kuwwatly binýatdyr» diýen sözlerine eýerýän biz — ýaşlar Watanymyzyň gülläp-ösüşine saldamly goşant goşarys.

Ylym dünýäsine aralaşyp, ylmy işleri ýazmaga berýän goldaw-hemaýatlary üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Serdar BAGŞYÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 4-nji ýyl talyby:

— Gün-günden ösüşlere beslenýän mähriban Diýarymyzyň hususy ulgamy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda telekeçileriň sany we olaryň alyp barýan iş ugurlary barha artýar. Bu ulgamda bäsdeşlige ukyplylyk barha işjeňleşdirilýär. Munuň özi içerki bazarlarymyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary artdyrmaga mümkinçilik berýär.

«Dünýäniň globallaşýan şertinde telekeçiligi ösdürmek» atly ylmy işim bilen ýaş alymlaryň arasynda geçirilen bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji bolmak miýesser etdi. Geljekde biz — ýaşlar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösmegine öz goşandymyzy goşarys.

Ýaşlara döwrebap ylym-bilim almaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Alym Arkadagymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys!

Ýazga geçirenler Hallygözel ŞANAZAROWA,

«Nesil».

Eziz ANNANEPESOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

14.06.2018ý.

Meňzeş habarlar