MÄHIR OJAGYMYZ — EZIZ AŞGABAT

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty gözel Aşgabat hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde uly ösüşlere eýe bolýar. Ykdysady taýdan gülläp ösýän Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar. Ak mermerli Aşgabadyň millilik çaýylan döwrebap keşbi her bir ynsanyň, esasanam, Watanymyzyň röwşen ertiriniň eýeleri bolan ýaş nesilleriň kalbyny joşdurýar. Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň biri-birinden gözel binalary, ajaýyp şaýollary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, täsin suw çüwdürimleri, dürli görnüşli güller sazlaşykly gözelligi emele getirip, göwnüňi göterýär. Gündizleriniň nuranalygy, gijeleriniň köpöwüşginli şuglasy bilen köňülleri joşa getirýär. Ol gözellikler her bir adamyň arzuwlaryna ganat berýär, hasam döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy bilen giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi täze tehnologiýalaryň, ylmy ösüşiň iň soňky gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde gözel Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülýär. Aşgabat şäheriniň barha giňelip gözel keşbe, iri işewürlik merkezine öwrülmeginde beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň at gazanan arhitektory diýen hormatly adyň berilmegi, ak mermer örtükli binalaryň iň köp jemlenen ýeri hökmünde paýtagtymyz Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi kalplara buýsanç eçilýär.

Ak şäherimiz Aşgabadyň gerimi barha giňäp, tutumly işler alnyp barylýar. Gözel paýtagtymyza seýle çykyp seýran edeniňde çar bagly, ser howuzly seýilgähler gurşap alýar. Saba säherler işe ugranyňda biri-birinden gözel, kaşaň binalary, dürli görnüşli gül-gunçalary, bagy-bossanlygy synladygyňça kalbyň owazyna ser salýaň. Şonda paýtagtymyzyň gözelligini synlap, göwnüň çaglanýar.

Milliligimizi ak şäherimiziň binagärlik gurluşygynda-da duýmak bolýar. Altyn öwüsýän sekizburçluklar haly gölleriniň nyşanlaryny duralgalarda, yşyklandyryş sütünlerde, seýilgählerdäki oturgyçlarda, çatryklarda ekilen gül bezeglerinde görmek bolýar. Şeýle gözellikleri synlanyňda ruhuň has-da belende göterilýär. Owadan şa ýollardyr köçeler özleriniň arassalygy, dürli görnüşli gülleriň ýakymly ysy bilen kalbyňa rahatlyk bagyşlaýar. Gözelligiň şäheri, şahyrana dünýäň ylham çeşmesi ata Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabat toý-dabaralaryň mekany, aýdym-sazyň belent owazydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe watançylyk duýgularymyza, ylham çeşmämize joşgun berýän mähir ojagymyz eziz Aşgabadymyzyň has-da zynatlanan ajaýyp keşbi her bir ynsanyň göwnünde ganat, ýüreginde arşyň ak bagtyndan paý bagyşlaýar.

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň, röwşen geljegimiziň ak şäheri Aý şuglaly Aşgabadyň gözel durkuna buýsanýan, ösüş-özgerişlerine guwanýan ulus-ilimiz Gündogaryň göwher gaşy, Aziýanyň merjen şäheri diýip atlandyrýar.

Gün-günden gözel keşbe girýän Aşgabat biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki döwrüni we röwşen geljegini alamatlandyrýar. Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly ösüş-özgerişli ýolda bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň her bir ulgamyna aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Il bähbitli, döwlet ähmiýetli dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaç alsyn!

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

 Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

16.06.2018ý.

Meňzeş habarlar