Ene — beýik mukaddeslik, mährem, söýgi ojagy. Eneleriň gözünde mähir uçganaklaýar, ene ýüreginde söýgi möwjeýär. Ynsanyýetiň barlygy enäniň barlygy bilen bakydyr. Maşgalada mähriban käbelerimiziň tutýan orny uludyr, olaryň mertebesi belentdir. Mukaddes ojaklarymyzyň alawy enelerimiziň barlygy bilen ýylydyr, bakydyr. Çünki ene maşgalasyny özüniň yssy mähri bilen gurşap alýar. Maşgalalarymyz enelerimiziň barlygy bilen mukaddesdir, halaldyr, päkdir. Sebäbi enelerimiziň asly halal we päkize käbelerimiziň ýüreklerinde maşgalasyna, perzentlerine bolan mukaddes söýgi möwç urýandyr. Her bir maşgalanyň öý ojagyň özüniň asylly däpleri, tertip-düzgüni bar. Şol däpleri döredýän, tertip-düzgüni pugtalandyrýan, nesilden-nesle geçirýän hem biziň mähribanlarymyzdyr. Maşgalada gyz-gelinler eneden, gaýyndan görelde alýar we şol göreldä eýerip, maşgalanyň mukaddesliklerine sarpa goýmagy öwrenýär. Oňat maşgalada terbiýe alan gyz geljekde gelin bolup düşen öýünde hem özüniň görüm-göreldesine eýerip, şol ojagyň tertip-düzgünine girişip, gaýynenesini käbesi saýyp, gaýynene bolsa gelen gelni öz nesliniň dowamaty saýyp sarpalasa, onda şol ojakda bagtyýar durmuş höküm sürýär. Enelerimiz biziň diňe bir maşgala mukaddesliklerimizi däl, eýsem milletimiziň millilik ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, medeniýetini we sungatyny, ajaýyp el işlerini nesilden-nesle geçirip gelýärler. Biziň enelerimizden gelýän ajaýyp millilik ýörelgelerimiz bu günki günde täze röwşe eýe bolup, sarpasy artyp, beýik mukaddeslik derejesine göterilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda halkymyza peşgeş beren mähriban käbesine bagyşlap «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri bu barlyga getiren mährem käbelerimize nesilleriň belent söýgüsiniň beýanydyr.
Häzirki günlerde bu ajaýyp eseriň tanyşdyrylyş dabarasy tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Bu ajaýyp peşgeşi üçin kümüş saçly enelerimiziň senaly dillerinden Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri egsilmeýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi etrabyň merkezi kitaphanasynda mährem enelerimiziň we döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy «Size hormat — size tagzym käbeler» ady bilen geçirdi. Şeýle çäräniň ýene-de biri Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebinde döredilen çagalar dynç alyş meýdançasynda dynç alýan çagalaryň we ýetginjekleriň gatnaşmaklarynda «Ene hakda söz açsaň, ýürekler gelýär joşa» atly edebi agşamydyr. Bu çäreler ýaş nesillerimiziň mähriban käbelerimize bolan söýgi-mähribanlygyny has-da artdyrýar.
Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda halkyna, mähriban enelerimize ajaýyp peşgeşi üçin Gahryman Arkadagymyza ýaş nesilleriň hoşallyk sözleri çäksizdir. Öz perzentlerini goşa ganaty saýýan enelerimiz üçin bu goýulýan hormat, sarpa beýik mertebe, olaryň ýüreklerine, kalplaryna egsilmez şatlyk paýlaýar. Bu bolsa biziň her birimiz üçin uly bagtdyr.
Jemal ESENOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
19.06.2018ý.