Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilen Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň dabarasynyň artmagynda aýdym-saz sungatynyň özboluşly mynasyp orny bardyr. Milli saz sungatymyzyň tanymal wekili, türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň parlak ýyldyzy Nury Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan «Nury Halmämmedowyň sazy — döwürleriň öçmejek mukamy» atly festiwalyň geçirilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň aýdym-saz sungatyna goýýan uly hormatynyň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.
Kompozitoryň dürli žanrlarda döreden ajaýyp aýdymdyr sazlaryny diňledigiňçe diňläsiň gelýär. Täsirli hem ýakymly heňler özüniň gymmatyny artdyryp, diňleýjilerde ajaýyp duýgulary oýarýar. Festiwalyň çäginde geçirilen «Nury Halmämmedowyň saz sungaty we çeperçilik sungaty» atly ylmy-amaly maslahat hem diýseň gyzykly boldy. Maslahatyň dowamynda kompozitoryň döredijilik älemi giňden şöhlelendirildi.
Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Ş.Annagylyjowa «R.Rejepowyň fortepianoly kwintet-poemasynda N.Halmämmedowyň keşbiniň çeper beýany» barada çykyş etdi. Kompozitor R.Rejepowyň ajaýyp eserinde N.Halmämmedowy çuňňur suratlandyrmagy, sazyň özboluşly owazlanmasynda aýdyň ýüze çykýar. Heňiň gurluş, ýerine ýetiriliş aýratynlyklarynda şahsyýetiň yzygider beýan edilmegi eseriň many-mazmunynyň gymmatynda jemlenýär. «N.Halmämmedowyň «Türkmenistan» atly simfoniki şekilleriniň gurallanyşynyň aýratynlyklary» dogrusynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy G.Magtymgulyýewa durup geçdi. Islendik simfoniki saz eserini diňläniňde, awtoryň içki duýgusynyň möwç urýandygyny, şol täsiri diňleýjä ussatlyk bilen ýetirmekligi başarýandygyny aňmak kyn däl. Kompozitoryň saz diliniň bu aýratynlygynyň ylmy esasda ünsli öwrenilmegi bolsa, sazyň aýry-aýry taraplarynyň giňden beýan edilýändigini ýene-de bir ýola subut edýär.
Ylmy-amaly maslahatda meşhur kompozitoryň diňe bir saz döredijiligi däl-de, eýsem, onuň şekillendiriş sungatynda öz beýanyny tapmagy barada ýatlanylyp geçilmegi hem maslahatyň has gyzykly bolmagyna getirdi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işleri boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty N.Ýagşymyradowyň «N.Halmämmedowyň döredijiliginden ylham alan türkmen suratkeşleri» atly çykyşynda bu saz ussadynyň şekillendiriş sungatynda eýeleýän uly orny beýan edildi. D.Baýramow, Ý.Baýramow, M.Mämmedow ýaly tanymal türkmen suratkeşleriniň zehinli saz ägirdiniň keşbini çekmekleri olaryň sungat älemindäki meşhurlygyny ýokarlandyrýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy J.Baltaýewanyň «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda N.Halmämmedowyň keşbi» atly ylmy temasy bu ugurdaky gyzykly pursatlary özünde jemledi. Ýagny awtoryň S.Babaýew, A.Hydyrow, P.Mämiýew ýaly tanymal heýkeltaraşlaryň döredijiliginde saz ussadynyň eýeleýän orny hem şolaryň her biriniň kompozitoryň heýkelini döretmekdäki aýratynlyklary bellenilip geçildi. Sebäbi her bir suratkeşiň, heýkeltaraşyň kompozitory özüçe şekillendirmekleri onuň sungatdaky uly ornunyň giňden beýan edilmegine getirýär.
Maslahatyň dowamynda Moskwa şäherinden gelen myhman M.Guseýnow öz çykyşynda türkmen kompozitorynyň döredijilik mirasyny dünýä ýaýratmakda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Indi birnäçe ýyl bäri Russiýa döwletinde N.Halmämmedowyň sazy bilen baglanyşykly «Dutaryň owazy» festiwalyny yzygider gurnaýjy hökmünde, ol hem kompozitoryň saz döredijiliginiň daşary ýurtly diňleýjilerde uly täsir galdyrýandygyny buýsanç bilen belläp geçdi.
«N.Halmämmedowyň «Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň ýadygärligine» atly wokal-simfoniki poemasy» barada Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Z.Jumagulyýewa durup geçdi.
Bulardan başga-da ylmy-amaly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti, meşhur kompozitor N.Halmämmedowyň sungatda eýeleýän orny bilen baglanyşykly birnäçe gyzykly ylmy çykyşlar diňleýjileriň dykgatyna ýetirildi. Olardaky gozgalýan her bir mesele özboluşly täsirliligi bilen tapawutlandy.
Röwşen MUHAMMEDOW,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy,
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
21.06.2018ý.