Ýurdumyzda başlaryň täjine deňelýän eneler mukaddeslik saýylyp, elmydama tagzym edilýär. Mähriban enelerimiziň sarpasyny belent tutýan hormatly Prezidentimiz ata-babadan gelýän bu milli ýörelgäniň dowamatdygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Hepdäniň penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda amala aşyryljak täze taslamalar bilen tanşandan soň, enelere bagyşlap ýazan ajaýyp eseri bilen halkymyzy begendirdi. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» diýlip atlandyrylan bu gymmatly eser balalary bilen özüni barlyk saýýan käbelerimize bolan perzentlik söýgüsiniň beýanydyr.
Käbeleriň sylanýan ojagy berdaşly hem kuwwatly. Mähriban eneleriň arzylanýan ýurdy asuda, parahat hem arkaly. Sebäbi owalynda perzentleri, maşgala ojagy, ýar wepasy üçin ýaşaýan eneleriň ýüregi söýgüden we mähirden doly. Perzendiniň barmajygyna tiken çümmegine dözmeýän eneler maşgalamyzyň söýesi, agzybirligiň gaýasy, oba-kentlerimiziň ýaraşygy, märekäniň gelşigi. Ine, hormatly Prezidentimiziň paýhas düründen dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri şu gymmatlyklar hakynda dür saçýar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen bu eser dört bölümden ybaratdyr. Käbelerimiziň sözleriniň kerem-keramatyny ýaýýan «Sözden başlanýan ägirtlik» bölümi ogul-gyzlaryny bir saçagyň başyna üýşürip oturyşyna, olaryň ömrüne nur paýlaýan eneleri «Öý-ojagyň gelşigi» hökmünde apalaýar. Kemally perzentleri ösdürip ýetişdirmek bilen «Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormatyň eýesi» bolýar. Öz mähribanlygy, päk zähmeti, galdawlygy bilen ojagyna nur saçýan «Ene — döwletlilik» saýylýar.
Enelere bolan çäksiz söýgi eziz Diýarymyzda her ädimde duýulýar. Her bir maşgalada eneleriň orny aýratyn. Onuň mähirli sözleri, ogul-gyzlaryny, agtyk-çowluklaryny hamrak söýgüsi bilen terbiýeleýär. Eneleriň ýaşaýan ojagy bagta baý, umman ýaly barlyga eýe. Bosagadan ätläniňde törde oturan kümüş saçly käbelere gözüň düşende, dünýäň giňeýär. Eneler iýmän iýdirip, geýmän geýdirip ýetişdiren perzentlerini güýç-kuwwat saýýar. Perzentler käbelerini dünýäniň baýlygy hasaplaýar.
Bu ýörelgäniň döwlet derejesinde belende galdyrylmagy bolsa il-ulsy hoşwagt edýär. Ýurdumyzda mährem käbelerimiz aňrybaş derejede arzylanýar. Döwletli tutumlarda peşeneli ýaşulularymyz bilen birlikde perişdesypat käbelerimiziň orny aýratyn. Täze desgalar açylanda, toý tutumlarynda eline ak un alyp, ak alkyşlara beslenýän eneleri göreniňde başyň gök direýär. Sekiz we ondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere döwlet serpaýlarynyň ýapylmagy, döwrebap mermer binalardan olaryň paýly bolmagy milli ýörelgeleriň naýbaşy dowamatydyr. Eneleriň we çagalaryň Türkmenistanyň Kanuny tarapyndan goraglylygy olaryň ýaşyny uzaldyp, didelerine nur çaýýar. Her ýyl Halkara zenanlar güni bellenilende, ähli kärdäki we ýaşdaky enelerdir zenanlardan başlap, gyzjagazlara çenli hormatly Prezidentimiziň pul sowgadyny alýarlar.
Eziz Diýarymyzyň asuda ýaşaýşy, durmuşymyzyň bolçulygy ilkinji nobatda eneleri begendirýär. Bazarlaryň ynsan saglygy üçin zerur bolan gök we bakja önümlerinden dolup durmagy, dükanlarymyzda we marketlerimizde ýurdumyzyň önümçilik kärhanalary tarapyndan taýýarlanýan harytlaryň bolmagy mähriban käbelerimizi diýseň guwandyrýar we ömrüni uzaldýar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň uzak ýaşly raýatlary barada gazet-žurnallarda materiallar taýýarlamak, teleradioýaýlymlarda gepleşikler etmek baradaky aýdan sözleri halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. 100 we ondan uzak ýaşly raýatlarymyzyň arasynda enelerimiziň köp bolmagy has guwandyryjydyr. Olar bilen söhbetdeş bolanyňda her bir sözüniň ýagşy doga-dileglerden dolup durmagy, Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşlara beslenmegi hoşwagt edýär. Perzentlerine, ajaýyp zamana, döwletli-döwranlara bolan çuňňur söýgüsi olaryň ömrüni uzaldýar. Olaryň nurana ýüzleri şular ýaly ak alkyşlar bilen çowluga, ýuwluga düşýär.
Türkmen eneleriniň perzentlerine bolan söýgüsi aýratyndyr. Ol barada Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen türkmen topragyna gadam basan dünýä jahankeşdeleri taryhy ýazgylary galdyrypdyrlar. Käbelerimiziň perzent terbiýesindäki yhlasy barada halk döredijilik eserlerinde baý mazmunly mysallar sanardan köp. Eneler gijeler ýatman perzentleriniň üstünde kökenek bolup, şirin hüwdüleri bilen il-halka wepaly, ygrarly ogul-gyzlary ýetişdirýär. Şeýle beýik eneleriň belent söýgüsi bilen Beýik Ogullar döreýär. Şeýle il ogullary bolsa halkyň ähli ýüküni, bagtyny, geljeginiň aladasyny inerler ýaly götermegi başarýar. Bu babatda il-ulsumyza Gahryman Arkadagymyzyň durmuşy nusgawy mysaldyr. Hormatly Prezidentimiz ýaly Il Ogluny dünýä beren Ogulabat ene bagtlydyr. Şeýle beýik enelik derejesine, at-abraýa eýe bolmak ähli eneleriň arzuwydyr. Goý, Berkarar döwletimizde, bagtyýar zamanamyzda mährem käbelerimiziň mukaddes arzuwlary hasyl bolsun!
Ogulbeg JUMAÝEWA,
“Nesil” gazeti,
09.06.2018ý.