(ROWAÝAT)
Ir döwürler Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda gadymy Was topragynda bir garry seýis ýaşapdyr. Günleriň birinde ýaş ýigit hünär öwrenmek üçin şol seýsiň ýanyna barýar. Ol garry seýisden özüne seýisçilik sungatyny öwretmekligi haýyş edipdir.
Seýis ýaş ýigit bilen ylalaşyp, oňa bir ýyllap diňe çüý çöpläp gezmekligi tabşyrypdyr. Ýaş ýigit içinden: «Men oňa seýisçilik sungatyny öwret diýdim welin, ol bolsa maňa çüý çöple diýýär» diýip, şol seýsiň aýdany bilen çüý gözlemäge başlapdyr.
Ýaş ýigit bir ýyldan soň garry seýsiň ýanyna baryp, onuň tabşyran işini ýerine ýetirendigini aýdýar. Seýis oglanjygyň eden işlerini görüp, oňa ikinji ýyly hem demir çöplemegi maslahat berýär. Ýaş ýigit garry seýsiň diýeni bilen bolup, tutuş bir ýyl demir çöpläp geziberýär.
Üçülenji ýyl seýis oglany ýanyna çagyryp, «Saňa näme üçin çüýdir demir çöplemegi tabşyranymy bilýärmiň?» diýip soraýar.
Oglanjyk bilesigelijilik bilen «ýok» diýip jogap berýär. Seýis: «Ýekeje çüý, seniň çöplän demirleriňden ýasaljak naly saklaýar. Nal — aty, at — ýigidi, ýigit bolsa ýurdy saklaýar» diýip jogap beripdir.
Orazgeldi HEMRAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
02.06.2018ý.