WATANSÖÝÜJI BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Her ýyl taryhy pursatlary, şanly wakalary bilen wagt ölçeginiň çäginde täze bir tapgyry aňladýan jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlary boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, owalbaşdan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň asuda hem abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyza uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen mynasyp işler alnyp barylýar. Watan söýgüsi ähli duýgularyň gözbaşynda bolup, iň ajap aýdymlar, iň beýik şygyrlar dogduk diýar, ata mekan hakyndadyr. Watançylyk duýgusy ösen nesle agzybirlik, jebislik ýoly mahsus bolup, gadymy Oguz nesilleri watansöýüjiligiň, il-güne, maşgala, ata-enä ygrarlylygyň belent nusgasyny görkezipdirler. Şol ygrarlylyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň häzirki nesillerine-de mahsus bolup, bu günki ýaşlar ata-babalarynyň beýik oguzlardygyna buýsanýar, Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly berk binýatly berkarar döwletde ýaşaýandyklaryna, okaýandyklaryna, döredýändiklerine guwanýarlar. Şoňa görä-de, şu Watanyň, şu milletiň bagtyýar ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda özlerine bildirilýän ýokary ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar.

Rüstem MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2025 | 18 okalan

ÝAŞLAR – MIRASYŇ DOWAMY

20 Noýabr 2025 | 121 okalan

BAG EKMEK — ÖMRE DOWAMAT

19 Noýabr 2025 | 16 okalan

WATANSÖÝÜJI BAGTYÝAR ÝAŞLAR