Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen «Fontankadaky» sirk sungatynyň I Halkara festiwalynda gazanan «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolanlygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň başlygy Soltangeldi Babaýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Çaryguly Ataýew, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary çykyş edip, ýurdumyzda ýaşlar üçin hemmetaraplaýyn döredilýän mümkinçilikler dogrusynda, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde şan-şöhraty dünýä ýüzünde dabaralanýan gül Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny ýokarlandyrmakda alnyp barylýan asylly işler dogrusynda buýsançly söhbetler edildi, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Dabaranyň ahyrynda ýurdumyza şan getiren toparyň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Gurbannazar ÖWEZOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
02.06.2018ý.