Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýurdumyzyň dokmaçy gelin-gyzlarynyň arasynda yglan eden «Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli» atly baýramçylyk bäsleşiginiň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylyndaky jemleýji tapgyry paýtagtymyzyň Modeller öýünde ruhubelentlik bilen jemlendi. Ýurdumyzyň beýik ösüşlerine saldamly goşant goşýan dokmaçy gyzlar bu bäsleşikde Watanymyza, milli medeniýetimize, sungatymyza, däp-dessurymyza söýgüsini, türkmen gözellerine mahsus edep-ekramlylyk, mähir-mylakatlylyk häsiýetlerini we işe ezberligini, döredijilik ukybyny, keşp gözelligini açyp görkezmekde özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň bu gezekki tapgyrynda paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan gelen dokmaçy gyzlaryň 11-si üstünlikli çykyş etdi. Olar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, dört şert boýunça özara bäsleşdiler. Netijede, eminler topary tarapyndan ýeňijiler yglan edildi. Üçünji orna Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumynyň aýakgap bölüminiň tikinçisi Gülkamar Işangulyýewa, ikinji orna Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabriginiň egriji maşynlarynyň operatory Oguljennet Rejepgeldiýewa, birinji orna Serdar şäheriniň «Balkandokma» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň darak enjamynyň operatory Gurbansoltan Maryýewa, baş baýraga Aşgabat dokma toplumynyň boýag fabriginiň ramoz enjamynyň operatory Bahar Babaýewa mynasyp boldy. Aýdym-saza, şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşigiň ahyrynda çykyş eden dokmaçy gyzlaryň ählisine höweslendiriji baýraklaryň, şeýle hem orunlara mynasyp bolan ezber gözellere Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ol ýerde dokma önümlerinden guralan sergi hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Aýsoltan ABYLGAZYÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
02.06.2018ý.