YNAM ÝEŇIŞ GETIRÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň şertleri her bir ugurda ýokary netijeler bilen dabaralanýar. Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen «Fontankadaky» sirk sungatynyň I Halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen atly ýigitleri «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp boldular. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparynyň agzalaryndan ybarat birleşen toparyň bu üstünligi öwgä mynasyp. Üstünlikli wakalara ýaşlaryň dahylly bolmagy bolsa has-da begendirýär. Şeýle tolgundyryjy pursatlarda olaryň şatlygyny paýlaşmak ýakymly duýgulary bagyşlaýar.

Selbi ŞIHIÝEWA, toparyň türgeni:

— Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen halkara festiwala gatnaşyp, Watanymyza ýeňiş bilen dolanyp geldik. Halkara festiwala on bäş döwletden ýigrimi topar gatnaşdy. Bu gezekki festiwalyň aýratynlygy, gatnaşan toparlaryň ählisiniň-de öň dünýäniň çempiony bolup, baş baýraklary eýelän toparlar bolmagydyr. Şeýle-de bolsa toparymyza ýokary üstünlik gazanmak miýesser etdi. Bu üstünlik hormatly Prezidentimiziň atçylyk sportuny, milli sirk sungatymyzy ösdürmek üçin döredýän mümkinçilikleriniň netijesi. Mähriban Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerimize bolan beýik söýgüsi, her bir ugurdaky nusgalyk göreldesi, döredýän ajaýyp eserleri biz — ýaşlaryň belent sepgitlere ýetmegimizde halypalyk mekdebi. Daşary ýurtlaryň wekilleriniň hormatly Prezidentimiziň çapyksuwarlygy, seýisçilik sungatyna ussatlygy hakynda aýdyp, görkezýän göreldesini ýatlamaklary kalplarymyzy ruhubelentlige besleýär. Ýaryşlarda diňe ýeňiş gazanmaly diýen ynamy döredýär. Munuň üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.

Ogulbossan AKMYRADOWA, toparyň türgeni:

— «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyza ýene-de halkara festiwalynda uly üstünlik gazanmak miýesser etdi. Bu şatlykly pursadymyzda begenjimizi paýlaşmak üçin ildeşlerimiziň howa menzilinde duz-çörek, gül desseleri bilen garşy almaklary diýseň begendirdi. Toparymyzyň gazanan ýeňşi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet sirkinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-saz, tans, sirk çykyşlary bilen uly dabara guraldy. Ol ýerde hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagynyň okalmagy kalbymyzda ruhubelentlik joşgunyny döretdi. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza bolan çäksiz söýgüsini islendik pursatda duýup ýaşaýarys. Milli Liderimiziň sungatymyzy dünýä ýaýmakda döredýän mümkinçilikleri diýseň uly. Döwlet baýdagymyzy parladyp, dünýä halklarynyň arasynda ýurdumyzyň ýeten beýik derejeleriniň waspyny ýetirmek uly mertebe hem buýsanç. Biz — ýaşlara şeýle çäksiz mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Akgül SAPAROWA,

“Nesil” gazeti,

31.05.2018ý.

Indiki makala

EZBER GÖZELLER

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI