BAGTYÝAR ZAMANYŇ BUÝSANJY

Berkararlyk — bagt, bagtyýarlyk — bagt. Onsoň şeýle zamanyň buýsanjy bolmagyň ýaş nesiller üçin neneňsi bagtdygyny özüňiz ölçerip görüberiň. Çagalary üns-alada, mähir-muhabbet bilen gurşamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmen halkynyň asylly ýörelgeler akabasynyň has gadymy şahalarynyň biridir. Arkadagyň ajap eýýamynda bolsa şeýle milli adatlara döwrebap öwüşgin çaýylyp, olar döwlet derejesinde dowam etdirilýär.

Dynç alyş günlerinde paýtagtymyzyň seýilgählerinde, medeni dynç alyş ýerlerinde çagalaryň şatlyk-şowhuny keýpiňi çaglaýar. Olaryň joşgunly sesleridir şadyýan gülküleri bagtyýar zamanyň hözirinden habar berýär. Raýatlaryna öz çagalarynyň bagtyna hem bagtyýarlygyna guwanmaga şert döretmegi şol döwletiň Lideriniň akyl-paýhaslylygynyň, ýurtda parahatçylygyň we agzybirligiň höküm sürýändiginiň, döwlet binýadynyň berkliginiň, adamyň mertebesiniň saklanylýandygynyň, hukuklarynyň hem azatlyklarynyň goralýandygynyň nyşanydyr. Munuň özi her bir raýat üçin bahasyna ýetip bolmajak peşgeşdir.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda ýaş nesli ýurduň geljegine deňäp, olaryň döwrebap bilim, ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edilmegi, zehininiň doly derejede açylmagy, mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi bilen bagly tabşyryklary berýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda ýurdumyzda bu ugurda toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy» muňa aýdyň mysaldyr. Maksatnamanyň esasy ýörelgeleri ýaşlaryň ähli hukuk, azatlyk we borç taýdan kanuny deňliginden, ynsanperwerlik, erkinlik kepillilik, durmuş-ykdysady taýdan goraglylygyndan, ýaşlaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny ileri tutmakdan we beýlekilerden gözbaş alýar.

Ata Watanymyzyň köp ugurlaýyn ösüşini has-da pugtalandyrmakda, at-abraýyny belende galdyrmakda ýaş nesliň paýyna aýratyn uly orun degişlidir. Ýurdumyzyň ilatynyň ep-esli bölegini 14-den 30 ýaş aralygyndaky raýatlaryň düzýändigi munuň şeýledigini ýene bir ýola aýdyň görkezýär. Şonuň üçin-de olaryň durmuş goraglylyk hem-de üpjünçilik, döwrebap bilim almak, öz hünär ýoluny saýlamak, jemgyýetde özlerini ykrar etdirmek, syýasy döwlet durmuşynda, hukuk ulgamynda bilimlerini artdyrmak ýaly meselelerine oňyn çözgütleri tapmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Her ýyl Türkmenistanyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagalar baglary, okuw mekdepleri açylyp ulanylmaga berilýär. Mekdebe çenli, orta we ýokary okuw mekdeplerinde terbiýeçiligiň dürli görnüşleri ösdürilip, okatmagyň täze we döwrebap usullary ornaşdyrylýar. Ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmegine oňyn şertler döredilýär. Ylmy barlaglar bilen meşgullanýan ýaşlara ýardam berilýär, olar maglumatlar bilen üpjün edilýär. Degişli kanunlar esasynda sekiz we ondan hem köp çagaly maşgalalara ýörite amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary sowgat berilýär. Şeýle hem çaga doglanda we bellenen möhlete çenli döwlet tarapyndan kömek pullary bellenip, olaryň möçberi ýylsaýyn artdyrylýar. Munuň özi ýurtda bagtyýar eneligiň we çagalygyň üpjün edilýändigini aňladýar.

Zehinli mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar döwlet baýraklary, ýokarlandyrylan talyp haklary we grantlary bellemek bilen ylym, bilim we döredijilik işlerine höweslendirilýär. Bilim edaralaryny usulyýet, okuw esbaplary taýdan baýlaşdyrylýar. Döwlet derejesinde yzygiderli sergileriň, bäsleşikleriň, festiwallaryň we olimpiadalaryň guralmagy ýaş nesliň döredijilik zehinini ösdürýär. Şeýle hem medeni maksatly çäreleriň dowamly geçirilmegi olaryň ýurduň medeni durmuşyna gatnaşygyny işjeňleşdirmäge, halypalaryň ýolbaşçylygynda döredijilik ussahanalaryny guramaga, bäsleşikleriň, festiwallaryň sanyny köpeltmäge ýardam edýär.

Häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistana bagtly çagalygyň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösýän ýurdy hökmünde baha berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biziň ýöredýän syýasatymyzyň baş maksady jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden we sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr» diýmek bilen, ýurdumyzda bedenterbiýe we olimpiýa hereketiniň giňemegi, körpe nesliň sporta bolan söýgüsiniň artmagy ugrunda tagallalary edýär. Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, halkara derejeli sport ýaryşlarynyň geçirilmegi we oňa, aýratyn-da, körpe nesliň işjeň çekilmegi bilen sagdyn durmuş ýörelgesi pugtalandyrylýar. Milli türgenlerimiziň sportuň dürli görnüşleri boýunça gazanýan ýeňişleri ýaş nesliň sporta bolan höwesini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap stadionlaryň, suw toplumlarynyň we türgenleşik üçin binalarynyň gurulmagy çagalaryň sport bilen meşgullanmagyna döwrebap şertleri döredýär.

Çagalaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy, ýaş nesil hakynda aladanyň öňe sürülmegi ugrunda halkara guramalary bilen, şol sanda BMG-niň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 1992-nji ýyldan gözbaş alýan bu hyzmatdaşlygyň häzirki wagtdaky ugurlary has-da giň gerimlidir. ÝUNISEF Türkmenistana möhüm maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Türkmenistan BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny tassyklamak bilen, özüniň ýaş raýatlary üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek meseleleri boýunça ýokary döwlet jogapkärçiligini berkitdi.

Ýurdumyzda «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Kanun hereket edýär. Bu Kanun çagalaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň hatarynda sagdyn durmuş gurşawyna, degişli terbiýä, çagalaryň agyr işe çekilmezligine döwlet kepilligini üpjün edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, olara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýär. Olaryň agzybir maşgalada bolmaklary, özlerini jemgyýet üçin gerekli duýmaklary babatda zerur şertler döredilýär. Munuň özi halkymyzyň asylly ruhy ýörelgeleriniň we milli ahlagyň kanun taýdan berkidilmegidir.

Her ýylyň 1-nji iýunynda ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Köpetdagyň etegindäki Gökdere jülgesinde, Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde çagalaryň medeniýetli dynç alşyny üpjün etmek, olarda peýdaly endikleri kemala getirmek maksady bilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Indi ençeme ýyl bäri şeýle dynç alyş merkezlerinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen çagalar hem dynç alyş möwsümini geçirýärler. Bu bolsa dürli ýerlerden gelen çagalaryň dostlaşmagyna, dil biliminiň artmagyna hem-de gözýetiminiň giňelmegine ýardam edýär.

Bagtyýar zamanyň bagtly çagalary hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns-aladasy, çäksiz söýgüsi bilen gurşalyp, erteki mysaly — çagalygyň arzyly arzuwlarynyň wysalyna ýetýärler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren berkarar döwletiniň ýene bir eşreti bolup, köňülleri heýjana getirýär.

Aýsenem GURBANOWA,

žurnalist.

“Nesil” gazeti,

29.05.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI