Haly — türkmeniň baýlygy, zynaty! Milli buýsanjymyz bolan halylar barada söhbet açanyňda olaryň hazynasy bolan Türkmen halysynyň milli muzeýi göz öňüne gelýär. Muzeýdäki akylyňy haýran edýän nepis haly eserlerine syn edeniňde, halkymyzyň milli dünýäsine, tebigatyna, taryhyna, gadymyýetine we şu gününe syýahat edýärsiň. Biz Türkmen halysynyň milli muzeýiniň hünärmeni Gyzylgül Amanowa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.
— Gyzylgül Amanowa, Türkmen halysynyň milli muzeýi barada giňişleýin gürrüň beräýseňiz!
— Türkmen halysynyň milli muzeýiniň täze binasy 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berildi. Muzeý 5 bölümden ybarat bolup, olarda gadymy halylar, äpet halylar, her hili usulda dokalan täsin halylar, häzirki zaman halylary goralyp saklanýar.
— Milli muzeýde saklanylýan täsin halylaryň görnüşleri dogrusynda aýdyp beräýseňiz?
— Muzeýimizdäki halylarymyzyň her biriniň öz taryhy, aýratyn dünýäsi bar. Olaryň her biri täsin sungatdyr. Şeýle täsin halylarymyzyň biri — ikitaraplaýyn dokalan halylardyr. Bu halylaryň iki tarapynda-da biri-birine meňzeş bolmadyk nagyşlar bar. Bu halylar halyçylarymyzyň inçeden baý döredijiliginden, ýiti zehininden habar berýär. Ikitaraplaýyn halylaryň ilkinjisi 1937-nji ýylda dokalan. Halynyň bir tarapynda Ahal welaýatyna degişli bolan «guşly göli», beýleki bir tarapyna Balkan welaýatynyň «gabsa göli» salnyp dokalypdyr. Munda bir halyçy halyny çepden saga dokap başlasa, beýleki bir halyçy sagdan çepe dokapdyr. Haly ýüwürdilenden soň, toprak kakylýar. Halynyň başlangyjy bilen ahyryny aňladýan toprak halynyň başynda we ahyrynda kakylýar. Her bir halyda bir toprak bolşy ýaly, ikitaraplaýyn halyda-da bir toprak bolýar. Şu ýerde bir zady belläsim gelýär. Muzeýimize gelýän daşary ýurtly myhmanlar, jahankeşdeler ikitaraplaýyn halylary görüp, iki sany haly biri-birine çatylandyr öýdüp pikir edýärler. Ýok, bu beýle däl. Bu ussatlyk, nepislik bilen bir erişde, bir toprakda dokalan iki sany aýratyn halydyr.
Mundan başga-da muzeýimizde täsin halylaryň arasynda syk dokalan halylaryň birnäçe görnüşleri bar. Eger adaty halylar bir inedördül metrinde 250 müň, 300 müň çitim syklykda dokalýan bolsa, haly muzeýimizde saklanýan has syk dokalan, ýagny bir inedördül metrinde 1 355 000 çitim bolan «guşly gölli» ahal-teke halysy bar. Bu halyny ussat halyçylarymyz K.Çaryýewa, A.Muhyýewa, D.Süleýmanowa dagy 2004-nji ýylda 8 aýyň dowamynda dokapdyrlar. Bu bolsa äpet halylary dokamaga sarp edilen wagt bilen deňdir. Halynyň her bir çitiminiň şeýle syk, berk bolany üçin hatda bir damja suw hem arasyndan geçirmeýär. Şeýle halylar il içinde «suw geçirmeýän haly» diýip hem atlandyrylýar.
— Gyzylgül gelneje, täsin halylaryň içinde muzeýiňizdäki iň kiçijik we äpet halylar barada gürrüň beräýseňiz!
— Türkmen halysynyň milli muzeýinde iň kiçijik haly önümi bolan — göwrümi 0,1 inedördül metre deň bolan açarlaryň haly daşlyklary saklanýar. Iň kiçi haly önümi bilen birlikde uzynlygy 14 metr, ini 21,5 metr, umumy tutýan meýdany 301 inedördül metr, agramy 1 tonna 200 kilograma deň bolan «XXI asyr — türkmeniň Altyn asyry» atly dünýäde iň uly äpet elde dokalan haly goralyp saklanýar. Bu haly 2001-nji ýylda halyçylarymyz tarapyndan dokalyp, 2003-nji ýylda dünýäde iň uly, äpet elde dokalan haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, 1941-nji ýylda dokalan «Türkmeniň kalby» atly haly äpet halylaryň ilkinjisidir. Äpet halymyzyň ýene-de biri 2009-njy ýylda Türkmen halysynyň milli muzeýiniň täze binasyna sowgat berlen «Galkynyş» atly halydyr. Bu halyny 32 sany halyçy bolup, 7 aýda dokadylar. «Galkynyş» halysynyň ýüzünde agzybirligiň, jebisligiň nyşany hökmünde welaýatlarymyzyň bäşisine hem degişli aýry-aýry gölleri görmek bolýar.
— 2018-nji ýyl «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň adybir kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärliklerimiz, binalarymyz we olar bilen baglanyşykly rowaýatlar, ertekiler ýerleşdirilen. Muzeýde şol taryhy ýadygärliklerimizi, binalarymyzy we olar bilen baglanyşykly rowaýatlary suratlandyrýan haly eserleri barmy?!
— Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň geçmişine, taryhyna, milli mirasyna, ajaýyp sungatyna, gözel tebigatyna, halkymyzyň däp-dessurlaryna, edim-gylymyna bagyşlanyp ýazylan gymmatly eserleri biz — halyçylar üçin hem ýagty şamçyragdyr. Şonuň üçinem olar milli haly eserlerimizde ussatlyk bilen suratlandyrylýar. Muzeýde şeýle keşpli halylarymyzyň birnäçesi saklanylýar. Olardan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň, Törebeg hanymyň mawzoleýiniň, Lebap welaýatynda ýerleşýän Astanababa ýadygärlikler toplumynyň, Ahal welaýatynyň Änewiň Seýit Jemaletdin metjidiniň we beýleki ýadygärlikleriň şekili salnyp dokalan halylaryň birnäçesini mysal getirmek bolar. Seýit Jemaletdin metjidiniň şekili salnan halyny muzeýiň haly ussahanasynda 2008-nji ýylda çeper elli halyçylar K.Çaryýewa, E.Babaýewa, A.Durdyýewa dagydokadylar. Bu hala A.Durdyýewanyň hem-de M.Berdiýewanyň yhlasly zähmeti siňipdir. Halyda Seýit Jemaletdin metjidiniň görnüşi «guşly göl», «ýaşyl goçak» nagyşlary, ser howuzly ajaýyp türkmen tebigaty sazlaşyp gidýär. Binanyň daş ýüzündäki iki sany aždarhanyň şekilini halyçylarymyz birnäçe syndylar ulanyp, güberçek görnüşinde dokapdyrlar. Halynyň erşi tirji, argajy bükdürilen tebigy ýüpek, çitimlik ýüpi türkmeniň saryja goýnunyň ýüňünden alnyp dokalypdyr. Halyda 116 sany dürli reňk ulanylypdyr. Ýadygärlikleriň şekili salnan halylarda türkmen tebigatynyň gözelligini janlandyryp suratlandyrmakda ezber elli halyçylarymyz 100-den gowrak reňk ulanýarlar. Halyçylarymyz gölli halylary ýatdan dokaýan bolsalar, keşp salnan halylary suratkeşleriň ýörite çyzgylaryna esaslanyp dokaýarlar.
— «El hünäri il gezer» diýlişi ýaly, biziň türkmen halylarymyz hem dünýäni, döwürleri gezýär. Şol sanda dünýä ýurtlarynda geçirilýän dürli ýarmarkalara, sergilere hem gatnaşýar. Olar barada gürrüň beräýseňiz!
— Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan kemala gelen türkmen halylarynyň birnäçe görnüşleri daşary ýurtlarda geçirilýän sergi-ýarmarkalara gatnaşdyrylýar. Bu sergilere gelýänleriň nazary ilki bilen türkmen halylarynda saklanýar, olarda uly gyzyklanma döreýär. Nepis halylarymyz bu sergilerde altyn medallaryň, dünýäniň abraýly baýraklarynyň birnäçesine mynasyp boldy. Şol baýraklaryň köpüsi muzeýimizi bezäp dur. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halysyna bagyşlap ýazan «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly gymmatly eserleri muzeýimiziň görküne görk goşup, ruhy taýdan baýlaşdyrýar.
Şu pursatdan peýdalanyp, türkmen halysyna, çeper elli halyçylarymyza goýýan sarpasy, enelerimizden gelýän inçe sungatymyzy dowam etdirmekde, ösdürmekde döredip berýän ähli şertleri üçin milli Liderimize alkyş aýdýarys.
— Gyzylgül gelneje, täsin halylar barada beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Sizi we muzeýiň ähli işgärlerini Türkmen halysynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Alyp barýan işleriňizde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!
— Sag boluň!
Gülnäz ÝAGMUROWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.
“Nesil” gazeti,
26.05.2018ý.