Ynha, her bir ynsanyň uly umyt bilen garaşýan ajaýyp pursady hem gelip ýetdi. Eziz mekdebim, mähriban mugallymym! Bu gün siz hakyndaky ajaýyp ýatlamalara, gulpajygymy tasadyp, gaýgy-gamsyz şadyýanja gezen ýyllaryma dolanasym geldi. Eziz mekdebim, sen meniň üçin mukaddessiň! Men seniň goýnuňda ösdüm, ulaldym, boý aldym. Çagalyk döwrümde kalbymy ata Watanyma, eziz halkyma gerekli adam bolmak maksady gurşap aldy. Şonuň üçin men seniň mährem gujagyňy ene-atamyň mukaddes ojagyna, şadyýanja çaga sesimiň ýaňlanan öýüň mähremligine deňeýän. Bu iki gymmatlygyň hem özboluşly arabaglanyşygy bar. Bu mukaddeslikde çaga terbiýesi, bilimi, adamkärçiligi kemala gelýär. Hut şu sebäpli-de mähriban mugallymym, maňa hem seniň mukaddes käriňi dowam etdirmek nesip etdi. Mugallym üçin iň uly hormat çagajyklaryň «Salam, mugallym! Sag bol, mugallym!» diýen sözlerini eşitmekmikä diýýärin.
Mähriban mekdebim, seniň gujagyňda zähmet çekip, körpe balalara edep-terbiýe, bilim berýän, sowat öwredýän mugallymlaryň mähir-aladalary ene-atamyzyň eziz perzendi baradaky edýän aladasyny ýadyňa salýar. Belki, şonuň üçin «mugallym» sözi has ýakymly eşidilýändir. Her bir ulgamda zähmet çekýän hünärmenleriň hem ilkinji başlangyjy mekdep partasyndan başlanýar.
«Mekdep, mugallym, ýaşlyk ýyllarym» diýen düşünjelere aralaşdygymça mekdep hakyndaky ýatlamalar meni öz akymyna alyp gidýär. Ilkinji mugallymym, bile okan deň-duşlarym göz öňümde janlanýar. Gör, nähili ajaýyp duýgy! Halypa mugallymymyň beren öwüt-ündewleri şindi-şindilerem gulagymda ýaňlanýar. Pähim-paýhasa ýugrulan halypa pendi bolsa «ykbal gämisinde» maňa öz ornumy tapmaga ýardam etdi. Ene mährine deňelýän eziz mekdebiň gujagyndan hoşlaşyp gitme pursady gelende halypa mugallymyň bize peşgeş beren ajaýyp goşgusy bolsa kalbymda ebedilik ornaşdy.
Nämüçin baky däl mekdep ýyllary,
Nämüçin müdimi berlenok ýaşlyk?
Şu geçen ýyllaryň içinde diňe
Mähriban mekdebňe bolupdyň aşyk.
Okan otaglaryň — ikinji öýüň,
Okadan mugallymym — ikinji hossar.
Jigileriň süýtdeş doganyň bolsa,
Bile okanlaryň iň ýakyn dost-ýar.
Gysgajyk ynsan ömründe şeýle ýakymly ýatdan çykmajak günler bolýar. Ine, bu gün bolsa gyzjagazym Jeren jan şeýle duýgyny başdan geçirýär. Ýaňy ýalydy, ilkinji perzendimiň eljagazyndan tutup, ter çemeni gujaklap barşyna ýaňagyndan taýly gezek ogşap, ak mekdebe ilkinji gadam basan günümiz. Günler biri-birine meňzeş şeýle bir çalt geçýär. Mähriban gyzym meni her günki täsinje öwrenen zatlary bilen begendirýärdi. Her bir ene-ata balasynyň ylymly, bilimli bolmagyny arzuw edýär. Perzendiniň kemally, ilhalar bolup ýetişenini görmek, ene-ata üçin hem uly bagt ahyryn. Seniň durmuşda öz ornuňy tapyp, halkymyza gerekli adam bolup ýetişmegiňe neneňsi garaşýanymy bir bilsediň, käteler oturyp, çaga wagtyň, «Eje jan men ulalanymda seniň ýaly mugallym boljak» diýen sözleriňi ýatlaýan. Ýaňy-ýakynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşigine gatnaşyp, «Buşluk! Eje jan! Men baýrakly orna mynasyp boldum!» diýen habaryňy eşidenimde bolsa, balam, sen baradaky yhlasymyň, arzuwymyň hasyl bolandygyny duýdum.
Hakykatdan-da, ösüp gelýän ýaş nesliň Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, Watan perzendi bolup ýetişmekleri her bir ynsanyň öňünde uly jogapkärçilik duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesil hakynda uly aladalar edilmegi bolsa çaga kalbynda geljege bolan uly ynam döredýär. Sebäbi biziň çagalarymyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan uly aladalar bilen gurşalyp, söýlüp ýaşaýandyklaryny her ädimde duýýarlar. Şonuň üçin-de biziň garagöz çagalarymyzyň gözleri bagtyýarlykdan uçganaklaýar. Şadyýanja gülki sesleri bolsa bagtyýar zamanamyzda belentde ýaňlanýar.
Mähriban uçurymlar! Ak mekdebiň jaňynyň ýakymly sesi sizi päk arzuwlara, aýdyň maksatlara ýetirsin!
Laçyn HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň kitaphana müdiri.
“Nesil” gazeti,
24.05.2018ý.