Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä dillerini kämil derejede öwrenmegi üçin döredilýän mümkinçilikler bilesigeliji ýaşlary has hem buýsandyrýar. Dil bilmek zerurlyklaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde her ýylda daşary ýurt dillerini bilýän, öňdebaryjy tehnologiýalardan kämil baş çykarýan ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen dürli bäsleşikleri yzygiderli geçirýär. Şeýle bäsleşikleriň biri hem ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» atly bäsleşikdir. Bu bäsleşigiň düzgünnamasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, 4 tapgyrdan ybarat bolup, hepdäniň şenbe güni Aşgabat şäherindäki Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynda jemleýji tapgyry geçirildi. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden oňa gatnaşýan mekdep okuwçylary 3 şert boýunça öz zehinlerini synap gördüler. Ilkinji şert boýunça okuwçylar iňlis dilinde «Meniň Watanym» atly temadan ýurdumyzy wasp edýän aýdym-sazly hem-de goşgy setirleri bilen çykyş etdiler. Bu şert olaryň dogry geplemegine we sahna endiklerini açyp görkezmegine ýardam etdi. Ikinji şertde okuwçylar Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly bilen bagly temadan iňlis dilinde öz taýýarlan wideoşekillerini görkezdiler. Bu olaryň häzirki zaman tehnologiýalaryndan näderejede baş çykaryp bilýänligini, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmagyna mümkinçilik berdi. Ahyrky şertde bolsa olar bije çekmek arkaly eminler topary tarapyndan taýýarlanan sözleri türkmençeden iňlisçä ýa-da iňlisçeden türkmençä terjime etdiler. Bu bolsa, olaryň terjimeçilik işinden näderejede baş çykarýanlygyny anyklamaga mümkinçilik berdi.
Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşiginiň baş baýragyna Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülşen Eminowa mynasyp boldy. Arzyly 1-nji orna Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güljemal Jepbarowa, 2-nji orna Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Dünýä Ernepesowa, 3-nji orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň 9-njy synp harby okuwçysy Allanur Jumabaýew eýe boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary dabara bilen gowşuryldy.
Ýurdaman AMANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
22.05.2018ý.