BUÝSANÇ BULAGY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz ynamly öňe barýar. Bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, kanunçylyk ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Esasy Kanunymyz döwletimiziň geljekki ösüşi üçin öňe tarap okgunly herekete giň ýol açýar.

Ata-babalarymyzyň berkarar döwlet, parahatçylyk we agzybirlik baradaky arzuwlary, şeýle hem döwletlilik, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýaly garaýyşlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapýar. Eziz Diýarymyzyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny özünde jemleýär. Raýat jemgyýeti hukuk döwletiniň binýadydyr. Öz gezeginde hukuk döwleti bolsa raýat jemgyýetiniň kepilidir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy biziň milli buýsanjymyzdyr. Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi Konstitusiýamyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gözel paýtagtymyzyň görküne görk goşýan Konstitusiýa binasy bolsa döwletimiziň hukuk binýadyny emele getirýän Esasy Kanunymyza bolan sarpamyzyň nyşanydyr.

Konstitusiýamyzda Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet diýlip beýan edilmek bilen, jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň hukuk kepillikleri öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem Konstitusiýamyzda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýip kesgitlenendir.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Döwlet baýdagy — synmaz watanperwerligi we milli buýsanjy kemala getirýän, dost-doganlyk ýörelgelerimizi hem-de hoşniýetli garaýyşlarymyzy beýan edýän döwlet nyşanlarynyň biri hökmünde belentde parlaýar.

Ýurdumyzyň milli özboluşlylygynyň we aýratynlygynyň esasy alamatlaryny özünde jemleýär. Ýaşyl Baýdagymyz döwlet häkimiýetiniň resmi nyşany bolup, ol döwletimiziň ýaşlaryny watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Döwlet baýdagymyzyň mertebesini belentde saklamak ata-babalarymyzyň gaýduwsyzlygyna, merdanalygyna bolan guwanjymyzdyr, şu günki berkarar Watanymyza bolan buýsanjymyzdyr, röwşen geljegimize alyp barýan uly ynamymyzdyr.

Ýaşyl baýdagymyz bizi bedew batly ösüşlere, uly üstünliklere we milliligimize buýsanmaga ruhlandyrýan uly güýçdür.

Şirin MIRMEDOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

19.05.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI