Gatbar-gatbar taryh bolup ýaýylyp ýatan sähralaryň aýdymy has hem baharda üýtgeşik. Dideleriňe surat bolup çekilen ymgyr-ymgyr gözýetmez alaňlaryň keşbini sähra ysly sözler bilen beýan etmäbilseň etme-dä hany onsoň. Onuň süňňünde, gör, näçe asyrlaryň, goja heňňamlaryň aýak yzy bar. Ýoda bolup ýola sapan menzillerinde ata-babalarymyzyň şu günümize ýalkym saçan beýik geçmişi bar. Ömrüň öý tutan ýeri barada zybanyň näçe sözlese-de az. Jümmüşinden parç-parç läle-reýhan bolup çogýan gülleriň hersi bir rowaýaty ýadyňa salýar. Ine, şonda şeýle eziz hem mähriban ýurduň bir parçasydygyňa tüýs ýüregiň bilen buýsanýarsyň.
Hawa, bu barada üstümizdäki Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda gürrüň etmegiň özi hem iňňän ýakymly. Batly gadamlar bilen minutsaýyn ösüşlerden ösüşlere barýan Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda ençeme şanly wakalaryň, tarypy dünýä dolýan belent sepgitleriň şaýady bolýar. Eşret bulagyndan paýly bagtyýar zamanamyzyň toýly günleri kalplara ylham, ýüreklere joşgun paýlaýar. Gursagyňda möwç urup, şine ýaran setirleriň, eserleriň bilen döwrüň sesine ses goşmak uly bagt.
Ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Türkmen sährasyna çyksaň seýrana» atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bäsleşik gözel tebigatymyzy, şöhratly taryhymyzy wasp edýän eserlerden düzülen dört ugur — ylmy publisistiki, taryhy-etnografiki, syýasy-ykdysady häsiýetli makalalar, hekaýalar boýunça geçirildi. Bäsleşige hödürlenen makalalaryň iň mynasyplary gazetimiziň üsti bilen okyjylar köpçüligine ýetirildi. Dört aýlap dowam eden bu bäsleşik diýseň çekeleşikli geçdi. Oňa ýurdumyzyň çar künjünden dürli kärdäki we ýaşdaky döredijilik bilen meşgullanýan adamlar, talyp ýaşlar gatnaşyp, eminler topary tarapyndan olaryň jemi 30 sanysy ýeňiji diýlip yglan edildi. Olara ady agzalan guramalar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň jemleýji duşuşygynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň ýeňijilere halypalyk maslahatlaryny bermegi has-da ýatda galyjy boldy. Halypa-şägirtlik gatnaşygynyň dowam tapan duşuşygynda sözlenen ýürek buýsançlar Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň ýene bir täze sahypasyny düzdi.
Geçmişimizden miras galan ýörelgelerimizi, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy wagyz etmekde, şeýle hem olary okyjylarymyza ýetirmekde işjeňlik görkezen ýeňijilerimizi goşa toýuň öňüsyrasyndaky baýrakly orunlary bilen gutlaýarys. Goý, hemişe şowlulyk ýaranyňyz bolsun!
Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA,
“Nesil” gazeti,
17.05.2018ý.