BITARAPLYK – DOST-DOGANLYGYŇ ROWAÇ ÝOLY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, etrap bilim we medeniýet bölümleri bilen bilelikde guramaklarynda etrabyň medeniýet öýünde “Bitaraplyk – dost-doganlygyň rowaç ýoly“ atly şygar astynda dabaraly maslahat geçirdi. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toýly günlerindäki halkara ähmiýetli taryhy waka – 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem üstümizdäki ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýunyň toýlanylmagynyň uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýändigi barada belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda etrap medeniýet öýüniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şanly ýylymyzy wasp edýän aýdymlar diňlenildi

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşamaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Gylyç GYLYJOW,

Ruhubelent etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy

TMÝG-niň Ruhubelent etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 665 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 974 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 294 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN