Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek maksady bilen etrabyň 13-nji orta mekdebinde «Sagdyn nesil-sagdyn durmuşyň gözbaşydyr» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirdi. Oňa mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdy.
Duşuşykda çykyş edenler ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny, sport bilen meşgullanyp, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolmaklaryny öwüt-ündew edip, olaryň döwrebap derejede bilim almagy, ylymdan sowatly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup kemala gelmekleri ugrunda ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin durup geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Kuwwat GALPAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.