Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem, daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak hem-de geljekki nesiller üçin arassa we sagdyn gurşawy üpjün etmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty BMG-niň durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Aral deňziniň guramagy bilen bagly ýüze çykan ekologiýa meselelerini ýeňip geçmek boýunça halkara derejesinde alyp barýan işlerine dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýär. Türkmenistan bu ugurda birnäçe halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýdy we birnäçe iri taslamalaryň işjeň gatnaşyjysy hökmünde çykyş edýär.
Ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek we giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellärliklidir. Her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekişlik dabaralary bu ugurda edilýän tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem, ýaşlaryň ekologiýa işlerine işjeň çekilmegi, ekologiýa medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna hyzmat edýär.
Eziz Diýarymyzda tebigy gaz serişdelerini dünýä bazaryna ekologiýa taýdan howpsyz we arassa görnüşde ýetirmek babatynda öňdebaryjy tejribe toplandy. «Ýaşyl energetika» ulgamynda hem birnäçe başlangyçlar öňe sürülýär. Gün we ýel energiýasyny peýdalanmak boýunça alnyp barylýan barlaglar we taslamalar ýurdumyzyň bu ugurda hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.
Munuň bilen birlikde, Türkmenistanyň bilim ulgamynda hem ekologiýa taýdan sowatly nesilleri ýetişdirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda tebigaty goramak bilen baglanyşykly sapaklar we çäreler geçirilýär. Bular ýaşlarda tebigata bolan söýgini, hormaty kemala getirýär.
Türkmenistan daşky gurşawy goramaga degişli iň ýagşy görelde-nusgalary görkezmäge mynasypdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde eziz Diýarymyzda bu ugurda birnäçe Kanunlar we Maksatnamalar kabul edildi.
Türkmenistan diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem halkara derejesinde hem ekologiýa abadançylygyna goşant goşýan ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramagyň meselelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň goşulýar we ekologik meseleleri çözmek babatda dünýä ähmiýetli birnäçe maksatnamalary durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň jan saglygy üçin zerur bolan howany bölüp çykarýan baglary ösdürip ýetişdirmek bilen, ýurdumyzy gülleýän ülkä öwürmek barada Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimizde giň gerimli işler alnyp barylýar. Geljekde-de ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleri dünýäde tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galar.
Halkymyzy eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Nurmyrat TATBAÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň uly hünärmeni,
TMÝG-niň işjeň agzasy.