Jemgyýetimiziň baş hazynasy hasaplanýan adam we onuň saglygynyň iň bir derwaýys meseledigi göz öňünde tutulyp, biziň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly syýasaty netijesinde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak, bu gymmatly baýlygy geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Ynsan elmydama gözellige, kämillige höweslenip ýaşaýar. Tebigat bolsa, şol sazlaşygyň, gözelligiň kämil nusgasy hökmünde ynsan kalbyny heýjana salýar. Ata Watanymyzyň ajaýyp tebigaty bar. Türkmen tebigaty durşy bilen gözellige eýlenen. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanyp, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işler utgaşykly alnyp barylýar. Çünki ýurdumyzda tebigatyň gözelliklerini we daşky gurşawy gorap saklamak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, bag nahallaryny ekmek boýunça yglan edilýän ählihalk ýowarlary ilkinji nobatda, ynsan saglygyny goramak, ekologiýamyzy baýlaşdyrmak baradaky möhüm wezipelerden gözbaş alýar. Durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň raýatlarymyzyň sagdynlygyny goramakda örän ähmiýetlidigini bellemek gerek. Ekilip, idegi ýetirilýän dürli görnüşli agaçlar dem alýan howamyzy ynsan üçin iň bir zerur zatlar, ilkinji nobatda, kislorod bilen baýlaşdyrmaga örän uly ýardam berýär. Şonuň üçin hem, döwletimiziň bagy-bossanlyga öwrülýändigi, şu möhüm işe yzygiderli üns berilýändigi ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysynda çuňňur kanagatlanma duýgusyny döredýär. Ekologiýa we daşky gurşawyň goralmagyna degişli meseleler ýurdumyzyň ilatynyň durmuş hal-ýagdaýynyň derejesini has-da ýokarlandyrmaga, mähriban halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli ösüşler bilen berk baglanyşyklydyr.
Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ägirt uly işleri bitirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Leýla MATMYRADOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni,
TMÝG-niň işjeň agzasy.