ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA TÜRKMEN BEDEWINIŇ ÇEPER KEŞBI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmaklary, döredijilik bilen giňden meşgullanmaklary babatynda örän uly mümkinçilikler döredilýär. Bu mümkinçiliklerden giňden peýdalanýan ýaş suratkeşler häzirki döwrümiziň gülläp ösüşini, gözel tebigatymyzyň ajaýyp pursatlaryny, halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň çeper keşbini öz eserlerinde ussatlyk bilen beýan edýärler.

Türkmen halkynyň mukaddes uçar ganaty hasaplanýan türkmen bedewleri dünýä ýüzünde uly orny eýeleýär. Her ýylda däp bolşy ýaly şu ýyl hem ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan bellenilýär.

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Parahat ýurdumda türkmen bedewiň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Baýramçylyk sergisinde zehinli talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň göňrnüşlerinde millilige ýugrulan sungat eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Döredilen eserleriň her birinde behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, owadanlygy çeper beýan edilýär. Olardan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Ogulşirin Öwezberdiýewanyň “Taryhyň ýaňy”, Mährijemal Gullaýewanyň “Hazyna”, Yhlas Allanazarowyň “Behişdi bedewler”, zehinli talyplar Hekim Gojamyradowyň “Ýeňiş”, Agadöwlet Sapargeldiýewiň “Baýramçylyk güni”, Enejan Atanazarowanyň “Bagtyýar güneş”, Baýmyrat Samadowyň “Bedew”, Gurbangül Öwezberdiýewanyň “Merdana” atly ajaýyp eserleri serginiň gözelligine görk goşdy.

Ýaş suratkeşler öz eserlerinde dürli reňkleriň üsti bilen ahalteke bedewiniň hüý-häsiýetini ýüze çykarmaklyga çalşypdyrlar. Mundan başga-da halkymyzyň bedew atlaryna bolan buýsanjy, ajaýyp çapyksuwarlygy, at üstündäki tilsimlere ussatlyk bilen erk edişi bu eserlerde öz beýanyny tapýar. Döredijilik sergisi sungat muşdaklarynda ulty täsir galdyrdy.

Aýbibi ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň talyby.

Meňzeş habarlar