GÖZELLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

Häzirki zaman şertlerini we Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşiniň geljegini nazara almak bilen beýleki ulgamlar bilen bir hatarda sport ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça maksatnamalardyr toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda halkymyzyň, aýratyn hem ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdynlygy baradaky alada döwletimiziň esasy ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alnyp barylýan giň gerimli işler bu ulgamy goldamakda, ýokary görkezijili sporty ösdürmekde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmeginde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagynda wajyp döwlet maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Bedenterbiýäniň, sportuň diňe bir saglygyň ýa-da bedeniň taplanmagy üçin zerur bolman, eýsem ýaşlary ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin hem örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek zerur.

Adam ömrüniň dowamlylygy, onuň ösüş derejesi halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary, tebigy-howa şertleri we jemgyýetimiziň aň-bilim derejesi bilen baglydyr. Daşky gurşawyň abadançylygy sagdyn ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. “Il saglygy − ýurt baýlygy” diýen parasatly pähimden ugur alýan hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşini möhüm ugur hökmünde kesgitläp, adam saglygyny gorap saklamakda ekologiýa abadançylygyna aýratyn orun berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygynyň esasy girewi hasaplanýan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, milli sportuň dünýä sportuna işjeň goşulmagyny gazanmak baradaky başlangyçlarynyň netijesinde durmuşa geçirilýän netijeli işler, ýetilen belent sepgitler, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi − bularyň ählisi dünýäde türkmen sportunyň has-da dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri açýar.

Söhbet AKGAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi.

Meňzeş habarlar