Özüniň köpdürliligi, gaýtalanmajak gözelligi bilen hemmeleri haýrana goýýan türkmen tebigaty täsinliklere hem juda baý. Eçilýän täsinliklerini, gözelliklerini ösümlik we haýwanat dünýäsiniň üsti bilen beýan edýän türkmen tebigatyny döredijilik işgärleriniň ählisi özleriniň ylham çeşmesi hasaplaýarlar. Ýurdumyzda bitýän ösmülikleriň içinde täsin görnüşe we dermanlyk häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýan ösümlikleriň biri hem keýik okara ösümligidir. Ýer ýüzünde keýik okara ösümliginiň 200-e golaý görnüşi bolup, şolaryň 50-den gowrak görnüşine Türkmenistan döwletimiziň daglyklarynda, düzlüklerinde, Garagum çölüniň çäklerinde gabat gelmek bolýar.
Bu ösümilgiň adynyň “keýik okarasy” diýlip atlandyrylmagy onuň tebigy aýratynlyklary bilen bagly bolup, keýik okaranyň baldagynyň uly aýlanyp duran ýapraklary okarany ýatladýar. Ýagyş ýaganda şol okara ýagyş suwy ýygnanyp, şol ýygnanan suwdan keýikler suw içipdirler.
Şeýle täsin häsiýeti bilen bir hatarda keýik okara ösümligi dermanlyk häsiýete hem eýedigi bilen gadym döwürlerden bäri we häzirki döwrüň lukmançylyk ylymynda hem meşhurdyr. Keýik okaranyň şiresinden, şepbiginden, efir ýagy taýynlanýar. Onuň gül baldagy süýji tagamly bolup, iýmit höküminde ulanylýar, kökünden gaýnadylyp taýýarlanýan toşaby dürli keselleri bejermekde, öňüni almakda örän täsirli derman hasaplanýar.
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.