Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar hakynda edilýän aladalar barha rowaçlanýar. Bu gün ýaşlarymyzyň bilim almagynda, hünär öwrenmeginde, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmeginde, netijeli zähmet çekmeginde, döretmeginde we berkarar Watanymyzyň ösüşlerinde mynasyp goşant goşmaklarynda gönükdirilen giň gerimli işleriň alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir.
Türkmen ýaşlary bu gün kämil bilimli, hünärli bolmagy ugrunda döredilýän şertlerdir mümkinçilikler has-da guwandyrýar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek ýakymlydyr. Agzalan maksatnamanyň çäginde alnyp barylýan işler ýaşlaryň döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyny doly hukukly gatnaşmagynda, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgüni terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.
Geljek üçin maksatnamalary, öňde duran belent wezipeleri ýerine ýetirmekde halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň aň-düşünjesine, gujur-gaýratyna we netijeli zähmetine daýanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara eden öwüt-sargytlaryna ygrarly bolup, Watanymyzyň gülläp ösmeginde, beýik işlerde saldamly goşant goşýandygymyz üçin özümizi bagtly saýýarys. Şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.
Sahabatberdi KÖSÄÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar gurmasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.