MODA SUNGATYNDA HALKARA GATNAŞYKLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Diýarymyzyň waspy alyslardan-alyslara ýaň salýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» medeniýet ulgamynda dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Ýurdumyzyň dokma toplumynyň önümleri jana ýakymlylygy we berkligi bilen tapawutlanýar. Türkmen lybaslarynyň milli äheňleri döwrebaplaşdyrylyp ýokary baha mynasypdyr. Zenanlarymyzyň ene-mamalarymyzdan galan ýol-ýörelgeleri esasynda tikin dikmek, keşde çekmek, gaýma gaýamak ýaly hünärler hem dokma toplumynyň önümleriniň bezeginde şöhlelendirilip, milli lybaslarymyzyň döwrebap nusgalarynyň döremegine uly itergi berýän güýç bolup durýar.

Ýakynda Italiýa Respublikasynyň moda federasiýasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary üçin ussatlyk sapagyny geçirdiler. Ussatlyk sapagynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyby Jennet Agaýewanyň görkezen başarnyklary döredijilik dünýäsinden syzylyp çykýan gözelligi milli lybaslarymyza siňdirýändigi Italiýa Respublikasynyň moda federasiýasynyň wekillerini özüne çekmegi başardy. Bu ussatlyk sapagynda Italiýa Respublikasynyň moda federasiýasynyň wekilleri öz lybaslarynyň dokma önümleriniň görnüşine görä tikiliş aýratynlygy bilen tanyşdyrdylar. Edil şonuň ýaly-da Jennet Agaýewa hem türkmen zenanlaryna mahsus bolan ýanly köýnegiň biçüwiniň aýratynlyklaryny milli gyrmyzy keteni matada ýerine ýetirip görkezdi.

Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Italiýada öndürilen” atly türkmen-italiýa bilelikdäki moda görkezilişi türkmen we italiýa lybaslarynyň çeper aýratynlygyna göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Dabarada meşhur dizaýnerleri Gloriýa Trewiziani, Klaudia Bellini we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyby, dizaýner Jennet Agaýewanyň ýerine ýetiren döwrebap türkmen milli lybaslary görkezildi. Her ýurduň özüne mahsus bolan lybaslarynyň biçiliş aýratynlyklaryna, tikiliş usulynyň inçe syrlaryna, dizaýn sungatyna göz ýetirmäge mümkinçilik döredýän halkara derejesindäki medeni çäreler talyp ýaşlara uly täsir edip, ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.

Ýaşlara döredijilikde ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, milliligimizi dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Malika ŞUKUROWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

amaly-haşam sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar