HALYPALARYŇ USSATLYK MEKDEBI

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guramagynda Meşhur sazanda Pürli Saryýewiň ömür döredijiligine bagyşlanan «Halypalaryň ussatlyk mekdebi» atly aýdym-sazly konserti geçirildi.

Dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy ösdürmeklik üçin alnyp barylýan giň gerimli işler, türkmen bagşyçylyk sungaty we onuň şahalary, halypa bagşynyň ömri we döredijilik ýoly, ussat bagşydan miras galan aýdymlar, «halypa-şägirtlik» ýoly baradaky çykyşlar uly gyzyklanma bilen diňlenildi.

Berkarar Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimize, sungatymyza goýýan belent sarpasy halkymyzyň ruhy dünýäsiniň has-da galkynmagyny üpjün edýär. Milletiň ruhy älemine ganat berýän milli aýdym-saz sungatymyzyň sakasynda bolsa, kökleri gadymyýetiň çuňluklaryna uzaýan, hersi aýratyn bir tagamly miweleri berýän şahalardan ybarat bakyýete bagry badaşan daragt dur. Miwesi mukamdan bolan bu daragtyň bagbanlary türkmen aýdym-saz sungatyny barlykda binýat eden ägirtler-halypalar. Heňňamlara heň beren halypalary ýatlamak, oňa zamananyň nurana keşbini çaýyp «halypa-şägirtlik» ýoluna uýup, olaryň ýoluny mynasyp dowam etmek, ösdürmek ýurdumyzda mukaddes däbe öwrüldi.

Türkmen mukamlary we halk sazlary, onuň sütün-sütün halypalary barada söhbet açylsa milli sazymyzyň ägirtlerimiziň ençemesini dünýä indiren gadymy Bamy obasy göz oňüne gelýär. Bu obada ady külli türkmen halkyna ýaýran meşhur Sary bagşy, onuň ogullary Pürli, Oraz, Nury bagşy ýaly aýratyn zehinli bagşylar bolupdyr.

Ynha, bagşyçylyk sungatynda öçmejek yz goýan, ýoly nesillere ýörelge bolan halypalaryň biri hem Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýewdir. Köp ýyllaryň dowamynda Pürli Saryýewiň Türkmenistan radiosynda we türkmen Döwlet filarmoniýasynda işlemegi sazanda üçin sungatyň mekdebi bolup hyzmat etýär. Halypanyň döredijilik mirasy kakasy Sary bagşa bagyşlap döreden «Bagyşlanýar» atly sazy bilen başlanýar.

Çykyşlaryň dowamynda Pürli Saryýewiň döreden «Lälezar bolar», «Şatlyk», «Türkmenistanym» ýaly öz eserleriniň sazlary we başgada türkmen medeniýetinde yz goýan halypalaryň sazlary «Nar agajy», «Balsaýat» «Kerem geldi» ýaly ajap sazlar ýerine ýetirildi.

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaby bolan «Ile döwlet geler bolsa» atly kitabynda bellenilşi ýaly «Dutar we gyjak çalmak boýunça Pürli Saryýew täze okuw mekdebiniň ilkinji mugallymlary hasaplanýar» diýip belläp geçýär.

Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýewiň ýoly dowam edýär, ussat halypanyň ýerine ýetiren, türkmen halkyna mahsus bolan watançylyga, gahrymançylyga, merdi-merdanalyga, ynsanperwerlige bagyşlanan aýdymlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Azady MYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň

gurmaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar