TÜRKMENISTAN — SAGDYNLYGYŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Munuň şeýledigine häzirki günlerde diýarymyzyň ähli künjeginde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän çärelerden buýsanç bilen göz ýetirmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär.

Jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde hem-de ösdürmekde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriň ähmiýeti uludyr. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna etrabymyzyň ýaşlarynyň arasynda dürli sport ýaryşlary bilen bir hatarda, wagyz-nesihat häsiýetli maslahatlardyr duşuşyklar geçirilýär. Şonda sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak boýunça okuwçy ýaşlara degerli maslahatlardyr öwüt-ündewler berilýär.

7-nji aprelde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününiň esasy dabaralary ýaýbaňlandyrylar. Köpçülikleýin welosipedli ýöriş şanly gündäki çärelere baý öwüşgin berip, Berkarar Watanymyzyň sagdynlygyň, Bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekanydygy hakdaky hakykaty has-da dabaralandyrar. Biz bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzy bagtyýarlygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Rejepgeldi ATAJANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar