Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilmegi we türkmeniň atşynaslyk sungatynyň täze rowaçlyklara eýe bolmagy her birimizde çäksiz buýsanjy döredýär. Ösüş-özgertmelere beslenen taryhy döwrümizde şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň şanyna toýlaryň uludan tutulmagy, has takygy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan dabaralandyrylmagy bolsa, has-da guwandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek boýunça degişli Buýruga gol çekmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da ajaýyp senäniň baý many-mazmunly dabaralara beslenjekdigini görkezýär. Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda ýokarda agzalan bäsleşikleriň ähmiýetiniň uludygyny guwanç bilen bellemelidiris.
Milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Baýramgeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.